Ï Türkmenistan global ulag gepleşiklerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan global ulag gepleşiklerinde

view-icon 4768
Türkmenistan global ulag gepleşiklerinde

«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023» atly II halkara maslahaty we sergini 3-4-nji maýda Aşgabatda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu waka Türkmenistanyň halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge, dünýä diplomatiýasynyň ösmegine we ýurtlaryň hem yklymlaryň durnukly ösüşine itergi berýän özara peýdaly gatnaşyklaryň täsirli köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen özüniň ulag diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmeginiň ýene bir subutnamasydyr.

Halkara üstaşyr-ulag geçelgeleri Merkezi Aziýa üçin aýratyn ähmiýete eýedir, çünki ol sebit ýurtlaryna dünýäniň harytdyr hyzmat bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Ýewraziýa ulag ýollarynyň çatrygynda amatly geografik ýagdaýy eýeleýän Türkmenistan dürli ugurlarda multimodal ýük daşamagy amala aşyrmakda tutuş sebit üçin merkez bolup hyzmat edip biler.

Soňky döwrüň wakalary şunuň ýaly mümkinçiligiň we ony durmuşa geçirmek üçin, yzygiderli ädimleriň bardygyny tassyklaýar. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde ulag pudagynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy we ikitaraplaýyn birnäçe resminama gol çekildi. Bu, Türkmenistanyň ulag ulgamynyň halkara ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyna goşulyşmagy üçin möhüm ähmiýete eýedir. Bular Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bahreýn Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda howa aragatnaşygy baradaky şertnama, iki ýurduň hökümetleriniň arasynda deňiz we demir ýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky özara düşünişmek Ähtnama, şeýle hem ýurdumyza degişli Şahadatnama bilen tassyklanan Global «Deňiz-Howa» Logistika Merkeziniň çäginde hyzmatdaş derejesini bermek baradaky Ähtnamadyr.

Türkmenistanyň ulag syýasatynyň Ýakyn Gündogar ugrunyň ösüşi Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşiklerde bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanda köp wektorly ulag ulgamynyň emele gelmeginiň bir bölegi hökmünde deňiz transport ulgamynyň infrastrukturasy giňeldilýär, täze awtoulag, howa we demir ýol ulag merkezleriniň, şeýle hem geçelgeleriň uly göwrümli gurluşygy dowam edýär. Ulag ulgamlary boýunça ýurtda işlenip düzülýän uly göwrümli taslamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda BAE-iň belli şereketleri bilen gatnaşyk gurmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Hususan-da, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerinde möhüm halka bolup hyzmat edýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty Birleşen Arap Emirliklerindäki portlar bilen logistika baglanyşygyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ulag mümkinçiligi dürli halkara meýdançalarynda işjeň görkezilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy we Rumyniýanyň Prahowa etrabynyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan guralan onlaýn ýygnakda «Türkmen logistika» birleşiginiň wekilleri öz işleri barada gürrüň berdiler, Türkmenistanyň Ýewraziýada ulag-logistika merkezi hökmünde artyp barýan ornuna ünsi çekdiler. Duşuşyga gatnaşanlar «Hazar deňzi – Gara deňiz» üstaşyr-ulag geçelgesiniň taslamasynyň ähmiýetini belläp, özara peýdaly hyzmatdaşlygy artdyrmak we ýük gatnawyny ýokarlandyrmak maksady bilen, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gepleşikleri ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.