Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň awtoulag merkezine täze gelip gowşan sport ulagynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň awtoulag merkezine täze gelip gowşan sport ulagynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy

view-icon 3892
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň awtoulag merkezine täze gelip gowşan sport ulagynyň aýratynlyklary bilen tanyşdy

Geçen ýekşenbe gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine geldi hem-de bu ýerde merkeze täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine işjeň çekmek hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça geçirilen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisiniň Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilik, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň giňden ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Hormatly Arkadagymyz IIM-niň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan häzirki zaman sport ulagynyň özboluşly aýratynlyklary hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport halklarydyr ýurtlary jebisleşdirmek bilen, bütin dünýäde durnuklylygy, parahatçylygy üpjün etmäge ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyz tejribeli türgen we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýar. Ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny berkitmekde köpçülikleýin bedenterbiýäniň, Olimpiýa hereketiniň we sport medeniýetiniň ösdürilmegine möhüm orun degişlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesek watandaşlarymyzyň, aýratyn-da, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany yzygiderli artýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagynda, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde örän ähmiýetlidir.

Hormatly Arkadagymyz ýokary halkara görkezijilere laýyklykda enjamlaşdyrylan täze sport ulagynyň tizlik aýratynlygyny we beýleki mümkinçiliklerini synagdan geçirdi. Täze sport ulagynyň gelip gowuşmagy merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, Türkmenistanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini görkezýär.

Soňky ýyllarda hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli üns bermegi esasynda awtomobil sporty hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenler üçin halkara derejeli mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, awtomobil sporty boýunça dünýä ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklere türkmen türgenleri işjeň gatnaşýarlar.

Ýeri gelende bellesek, 2009-njy ýylda Kazan — Aşgabat ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2009” atly halkara awtorallisi geçirildi. Türkmen türgenleri birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar we ýokary netijeleri gazandylar. Mundan başga-da, şu ýylyň 6 — 15-nji iýuly aralygynda Kazan — Moskwa ugry boýunça “Ýüpek ýoly — 2023” atly halkara awtorallisi geçiriler.

Hormatly Arkadagymyz merkeziň ygtyýaryna gelip gowşan täze sport ulagynyň ähli görkezijilerine ýokary baha berdi we türkmen türgenlerine öňde boljak jogapkärli hem-de abraýly halkara ýaryşlarda täze üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.