Ï «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy

view-icon 4434

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.