Ï HJ «Aýly şöhle» täze gatlakly panel önümçiligini özleşdirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HJ «Aýly şöhle» täze gatlakly panel önümçiligini özleşdirdi

view-icon 5160
HJ «Aýly şöhle» täze gatlakly panel önümçiligini özleşdirdi

«Aýly şohle» hojalyk jemgyýeti paneliň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdi. «Aýly şöhle» HJ penopoliuretandan (PUR) we penopoliizosianuratdan (PIR) üç gatly panel öndürýän enjam satyn aldy.


Häzirki wagtda daşary ýurtly hünärmenleriň oturdan enjamlary önümçilige taýýar edilip, ol Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Onuň öndürijilik kuwwaty aýda 60-80 müň inedördül metrden ybaratdyr. Bölümde her iş çalşygynda 5 işçiniň işlemegi göz öňünde tutulypdyr.

Gatlakly paneliň ýylylyk geçirijiligi örän pes, dykyzlygynyň azlygy (ýylylk saklaýjy gatlagyň dykyzlygy 45 kg / m3-den geçmeýär) sebäpli ýeňil, aşa berkligi we ulanma häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Gatlakly paneller binalary we beýleki desgalary üzňeleşdirmek, şeýle hem dürli maksat üçin tiz gurulýan karkas çarçuwaly binalary gurmak üçin ulanylýar.

Gatlakly paneller ýokary biologik durnuklylygy we suwy az siňdirijiligi bilen tapawutlanýar. Bu gurluşyk serişdesiniň zäherli maddalaryň täsirine himiki çydamlylygy zäherli himiki maddalary saklaýan desgalaryň gurluşygy üçin ýeke-täk serişde bolup durýar. Paneller iň agyr iş şertlerinde-de gurluşyny saklaýar, ýemşermeýär ýa-da gyşarmaýar, onuň hyzmat ediş möhleti bolsa binanyň hyzmat ediş möhletine deňligi bilen deňeşdirilýär. Bu aýratynlyklaryndan başga-da, paneller gowy izolýasiýa aýratynlyklaryna eýe bolup, ses derejesini 35 desibele çenli peseldýär.

Paneller ýokary oda çydamlylyk aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Işleýişiniň temperaturasy 140 ° C çenli bolup biler. Olarda çyglylyga çydamly ajaýyp aýratynlyklar bar we iş ýüzünde bugy berkdir.

Panelleri amatly gulplama birikmeleri we pes agram sebäpli gurmak aňsat. Bir panel, galyňlygyna baglylykda agramy 9 ýarym kilogramdan 16 kilograma çenlidir. Panelleriň gurluşygynda ulanmak, ýylyň islendik wagtynda adaty usullardan (kerpiç we ş.m.) birnäçe esse çalt gurmaga mümkinçilik berýär.