Ï Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 3855
Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow "Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk" atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Eýranyň wekiliýetiniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti, Daşky gurşawy goramak boýunça guramasynyň başlygy Ali Salajege bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat-gullugy habar berýär.

Duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler we ugurlaryň toplumyny öz içine alýan ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary ýokary derejeli duşuşyklaryň we Türkmenistanyň we Eýranyň Prezidentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli we ynanyşykly gepleşikleriň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Gepleşikleriň dowamynda söwda, ykdysadyýet, energetika, ulag we logistika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna hem garaldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi nukdaýnazaryndan Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara komissiýasynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar daşky gurşawy goramak boýunça meseleleriniň ýerliklidigini belläp, howanyň üýtgemegine we daşky gurşaw meselelerine garşy göreşmekde ilkinji nobatda sebit derejesinde tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy barada çykyş etdiler.

Hususan-da, çölleşmä we gum tupanlaryna garşy göreşmek hem-de suw meselelerinde hereketleriň birleşdirilmegine aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegi nukdaýnazaryndan azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahatyny geçirmegiň öz wagtynda ýerine ýetirilendigi nygtaldy.