Ï «Eje» – ilkinji söz ...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Eje» – ilkinji söz ...

view-icon 4934
«Eje» – ilkinji söz ...
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Tahyr Ataýewiň orkestriniň «Zenanlara bagyşlanan waspnama» diýen belent atly konserti boldy.

Tahyr Ataýewiň sazanda topary aşgabatly aýdym-saz söýüjileriniň we paýtagtyň myhmanlarynyň arasynda köpden bäri meşhurdyr. Her bir üstünlikli çykyşy bolsa onuň hemişelik janköýerleriniň sanyny artdyrýar. «Zenanlara bagyşlanan waspnama» konserti-de munuň ýene bir tassyklamasydyr.

Baýram agşamynyň konsert maksatnamasynda söýgä, bahara, aýratynam her pursatlarda bizi goldaýan we asylly işlere ruhlandyrýan eziz enelerimize bagyşlanan aýdym-sazlar bardy.

Orkestriň ýerine ýetiren Alekseý Çumakowyň «Ejem bilen söhbet» eseri konsertiň başlangyjy boldy.

Alsunyň döredijiliginden «Ýanymda bolsaň, eje» aýdymyny Selbi Annadurdyýewa ýerine ýetirdi.

Soňra bolsa Şirhan Batyrowyň dowam etmeginde W. Hýustonyň «Men seni hemişe söýerin» eseri ýaňlandy.

Solistler Bogdan Smolin, Mansur Şaripow, Begenç Moşşyýew mahmal sesleri bilen diňleýjileri haýran etdiler. Begenç Filip Kirkorowyň aýdýan aýdymlaryndan «Meniň ýeke-tägim» aýdymy bilen tomaşaçylary bendi etdi. Tomaşaçylar Begenji birnäçe gezek sahna çagyrdylar.

Konsert ýakymly ýagdaýda tamamlandy: 12 sany oglan-gyz sahna çykdy – bular orkestr sazandalarynyň çagalarydy. «Elbetde, olaryň hünäri aýdymçy däl – diýip, Tahyr Ataýew olary diňleýjiler bilen tanyşdyranda aýtdy, – ýöne bular aýdymy tüýs ýürekden aýdýarlar». Çagalar «Möjek we ýedi owlajyk» filminden «Eje – ilkinji söz» aýdymyny ýerine ýetirdiler. Olar bu aýdymy öňlerinde köpsanly diňleýji däl-de, mähirli we mylaýym ejeleri oturan ýaly aýtdylar.