Ï Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda nähili howa bolar?
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda nähili howa bolar?

view-icon 2911
Ýurdumyzda hepdäniň dowamynda nähili howa bolar?

Türkmenistanyň çäginde durnuksyz howa şertlerine garaşylýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaz ýagşy ýagar diýlip çaklanylýar. Howanyň ortaça temperaturasy +30 gradus bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar. Howa gündizlerine +17… +19, gijelerine +7… +9 gradus bolar. Hepdäniň ahyryna howa gündizlerine +27 gradus, gijelerine +14 gradus bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +20… +25, gijelerine +7… +12 gradus bolar. Howa dynç günleri gündizlerine +29 gradus, gijelerine +16 gradus bolar. Ýagyş ýagar diýlip çaklanylýar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Howa gündizlerine +17… +22, gijelerine +7… +12 gradus bolar. Hepdäniň dowamynda gündizki howanyň temperaturasy +30 gradusa çenli gyzar we gijelerine +16 gradusa çenli salkynlar.

Mary welaýatynda howa durnuksyz bolar. Howa gündizlerine +20… +25, gijelerine +7… +12 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda howa gündizlerine +29 gradusa çenli gyzar we gijelerine +16 gradusa çenli salkynlar. Az-owlak ýagyş ýagmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +19… +24, gijelerine +6… +11 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda gündizki howanyň temperaturasy +28 gradusa ýeter. Howanyň gijeki temperaturasy +17 gradus bolar. Ýagyş ýagmak ähtimallygy-da aradan aýrylmaýar.

Daşoguz welaýatynda az bulutly howa bolup, howa gündizlerine +13… +18, gijelerine +3…+8 gradus bolar. Dynç günleri howa gündizlerine +26 gradusa çenli gyzar we gijelerine +14 gradusa çenli salkynlar.