Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

view-icon 3310
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz türkiýeli işewüri mähirli mübärekläp, ilki bilen, doganlyk ýurtda bolup geçen tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirmek türkmen halkyna mahsus häsiýetleriň biridir. Dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we birek-biregi goldamak, zerur bolan halatynda doganlyk goluny uzatmak, ýakyndan ýardam bermek türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip gelýär.

Türkiýeli işewür tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde Türkiýä berlen goldawyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň aýdyň beýanydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa we hormatly Prezidentimiz 

Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi we özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar toparynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň kesgitlenen ugurlary barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşleriň gazanylmagynda we halkara derejedäki abraýynyň belende göterilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere möhüm orun degişlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkiýeli hyzmatdaşlaryň, şol sanda işewür Ahmet Çalygyň ýolbaşçylygyndaky kompaniýalar toparynyň ýurdumyzda başy başlanan hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-türk gatnaşyklary gözbaşyny taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýasyna ýurdumyz üçin ähmiýetli bolan täze desgalaryň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň, şeýle-de Stomatologiýa merkeziniň gurluşyklarynyň ynanylýandygyny, ertir bolsa Aşgabatda bu toplumlaryň düýbüni tutmak dabarasynyň geçiriljekdigini belledi.

Işewür hemmetaraplaýyn goldaw hem-de bildirilýän ynam üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.