Ï Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

view-icon 3422
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Bahar bag we gyrymsy agaçlary ekmegiň iň amatly wagtydyr. Däp bolşy ýaly, bu döwürde biziň ýurdumyzda uly göwrümli abadanlaşdyryş işleri geçirilýär.

Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 18-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde bahar paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Abadanlaşdyryş işleriniň esasy maksady tokaý meýdanlarynyň sanyny we hilini ýokarlandyrmakdan, ekilen agaç nahallaryna kadaly ideg etmekden ybaratdyr.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şu ýyl eziz Diýarymyzda 3 million saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar.