Ï Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň tejribesi boýunça okuw geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň tejribesi boýunça okuw geçirildi

view-icon 2539
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda intellektual eýeçilik hukuklaryny goramagyň tejribesi boýunça okuw geçirildi

“Schmitt&Orlov Intellectual Property” kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri üçin intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukuk goragynyň üpjün edilmeginiň tejribesi babatynda wideoaragatnaşyk arkaly okuw geçirildi. Bu barada edaranyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Okuwyň dowamynda bilermenler gümrük edaralary tarapyndan kontrafakt harytlaryň ýüze çykarylmagy, şeýle harytlaryň asyl nusgasyndan tapawutlandyrmagyň usullary barada maglumatlar bilen paýlaşdylar.

Okuw tamamlananda, oňa gatnaşýan gümrük işgärleri “Schmitt&Orlov Intellectual Property” kompaniýasynyň wekillerine sagbolsun aýdyp, şeýle okuwyň gümrük nokatlarynyň işgärleri üçin hem gurnalmagynyň ýurdumyza kontrafakt harytlaryň getirilmegini öňüni almak boýunça alnyp barylýan işlerde peýdaly boljakdygy barada bellediler.

Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak boýunça görülýän çäreler Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 37-nji bölüminde göz öňünde tutulan. Bu Kodeksiň 342-nji maddasyna laýyklykda, Intellektual eýeçiligiň obýektleriniň gümrük sanawy döredilip, bu sanawa girizilen intellektual eýeçiligiň obýektiniň hukugynyň eýelerine hukuk goragy üpjün edilýär.