Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

view-icon 2264
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň öňüsyrasynda iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamy hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany hoşallyk bildirip, öz adyndan we tutuş türk halkynyň adyndan hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi hem-de hoşniýetli sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň biziň ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hemişe uly üns berýändigini belledi.

Bu möhüm halkara foruma gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana hoşallyk bildirip, türk lideri ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň syýasy-diplomatik häsiýete eýedigini we onuň doganlyk türki dilli halklar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilendigini nygtady.

Hormatly Arkadagymyz şu ýylyň 6-njy fewralynda Türkiýäniň günorta-gündogar welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna ýene-de bir gezek ýürekden gynanjyny we duýgudaşlygyny beýan etdi. Bu tebigy betbagtçylyk zerarly gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ýaralananlaryň tiz wagtda şypa tapmaklaryny Beýik Biribardan dileg etdi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan türk halkynyň adyndan we hut öz adyndan medet beriji sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu kyn pursatda duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halky üçin aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu gezekki sammite çagyrylandygy, mähirli kabul edilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, bu duşuşygyň gurama agza ýurtlar üçin tebigy betbagtçylyklaryň täsirine garşy durmakda we ony ýeňip geçmekde bilelikdäki gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu ugurda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda doganlyk ýurtlaryň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda örän köp işleriň amala aşyrylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň noýabrynda Samarkantda, dekabrynda bolsa Türkmenbaşyda geçirilen duşuşyklary ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Olaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ýokary sepgitlere çykarjak möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu gün hem özara gatnaşyklara täze itergi berjek meseleler boýunça pikir alşylar.

Gahryman Arkadagymyz diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklarda däl, eýsem, halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplanandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna awtordaş bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi hakyndaky iki sany Kararnamanyň kabul edilmegine netijeli goldaw berendigi üçin sagbolsun aýdyp, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tekliplerini goldamak ugrunda zerur tagallalary edýändigini belledi.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklarynyň meseleleri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň beýleki hyzmatdaşlaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýändigini belledi. Şunda Halk Maslahatynyň Başlygy dokma we himiýa senagatynda, energetika, gazhimiýa, senagat önümçiliginiň, dürli maksatly önümçilik desgalarynyň gurluşyklary boýunça wajyp taslamalaryň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň halkara derejeli işewür toparlaryň biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny şertlendirýändigini belledi. Şeýlelikde, türk işewürleri milli ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzümleriniň döredilmegine gönükdirilen iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagy özleri üçin hormat hasaplaýarlar.

Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ulag geçelgeleriniň amatly mümkinçilikleriniň doly derejede peýdalanylmagynyň zerurdygyny aýtdy. Şunda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar we Hazar deňzi ýaly ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üpjünçilik ulgamlarynyň has netijeli ulanylmagynyň wajypdygy aýdyldy.

Energetika pudagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny üçünji ýurduň üsti bilen Türkiýä ibermek boýunça meseleleriň üstünde işlenilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda medeniýete, ylma we bilime möhüm ornuň degişlidigine ünsi çekip, munuň umumy medeni-ruhy mirasy, ahlak gymmatlyklary bolan döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda pugta binýat bolup hyzmat edýändigini aýtdy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, öz gezeginde, diniň, diliň, taryhy kökleriň umumylygynyň iki halkyň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň möhüm şertidigini belläp, bu ýörelgeleriň “Iki döwlet — bir millet” diýen jümlede öz beýanyny tapýandygyny nygtady.

Ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklara hem üns berildi. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji maýda Türkiýäniň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljekdigini belledi. Gahryman Arkadagymyz dünýä jemgyýetçiligindäki uly abraýyny we toplan baý syýasy tejribesini, türk halky we tutuş türki döwletler tarapyndan bildirilýän ýokary hormaty nazara alyp, bu jemgyýetçilik-syýasy çärede Türkiýäniň döwlet Baştutanyna üstünlik arzuw etdi.

Hoşniýetli sözleri we ýagşy arzuwlary üçin hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türk lideri Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynda olaryň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmäge bilelikde goşant goşmaga bolan gyzyklanmalarynyň bardygyny nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.