Ï «Aşgabat» kinoteatry film görkezilişine çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat» kinoteatry film görkezilişine çagyrýar

view-icon 5044
«Aşgabat» kinoteatry film görkezilişine çagyrýar

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşigi «Aşgabat» kinoteatrynda geçiriljek täze çeper filmleriň görkezilişine çagyrýar.

Görkezilişi režissýor Sapardurdy Annaýewiň «Ynjytma» filmi açar. Ol 16-njy martda sagat 13:00-da gökeziler.

17-nji martda sagat 15:00-da režissýor Myrat Orazow tarapyndan surata düşürilen «Hüýrlukga – Hemra» atly taryhy film halka hödürlener. Filmiň mazmuny gadymy adybir dessana esaslanýar.

18-nji martda sagat 17:00-da Isgendermuhammet Annamuhammedowyň «Ýaşlar» filmi görkeziler.

Ähli filmlere giriş mugt.