Ï Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

view-icon 2673
Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkeziniň işgärleri resminamalaryň howpsuzlygy boýunça wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Bu çäre, Merkezi Aziýada Serhetleri dolandyrmak maksatnamasynyň (BOMCA 10) tarapyndan geçirilip, ol Maksatnamanyň «Serhet gulluklarynyň institusional ösüşi» taslamasynyň çäginde gurnaldy.

Sebitleýin okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň gümrük, serhet, migrasiýa we hukuk goraýjy edaralarynyň okuw bölümleriniň işgärleri gatnaşdy.

Maslahatda Özbegistan Respublikasynyň Döwlet Serhet goşunlarynyň okuw merkeziniň wekili resminamalaryň howpsuzlygy babatynda, Özbegistanda alnyp barylýan işler boýunça tejribesi bilen paýlaşdy. Ol resminamalaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň häzirki zaman görnüşleri we usullary, bu ugurda maddy we tehniki goldawyň berilmegi barada gürrüň berdi.