2023-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Widhu P.Nair bilen gepleşikleri geçirildi we onuň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň gün tertibininde durýan wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösmeginiň esasy görkezijisi iň ýokary derejedäki gepleşikler bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň we Hindistanyň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen “Merkezi Aziýa - Hindistan” birinji Sammitiniň ähmiýeti nygtaldy. Döwletara dialogyň pugtalandyrylmagynda esasy tapgyr hökmünde geçen ýylyň aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana amala aşyran döwlet sapary bellendi.
Söhbetdeşler halkara giňişliginde Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki başlangyçlarynyň we teklipleriniň özara goldaýandyklaryny nygtadylar.
Söwda-ykdysady ulgamyndaky, ulag-logistika, maglumat-tehnologiýalary, dokmaçylyk, himiýa we nebit-gaz senagaty, binagärçilik we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy.
Ylym we bilim ulgamlary, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty türkmen-hindi medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde bellenildi.