Ï Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary

view-icon 4311
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk hyzmatdaşlygyň baý tejribesini hem-de bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, taraplaryň netijeli gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge taýýardyklarynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Saparyň ikinji güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygyndan başlandy.
“Sheraton Grand Doha Resort and Convention” myhmanhanasynyň “Salwa” zalynda geçirilen işewürlik çäresine Kataryň Söwda-senagat edarasynyň, Işewürler assosiasiýasynyň, “Delta Group”, “Turnkey Trading and Contracting”, “Shaheen Al Mohannadi Group”, “Bin Twar Group” ýaly iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleri, şeýle-de özara gatnaşyklaryň esasy we geljekki ugurlaryny görkezýän sergi guraldy. Bu ýerde dokma we haly önümleriniň, lukmançylyk maksatly serişdeleriň, dermanlyk ösümlikleriň, süýji nygmatlaryň dürli görnüşleri bar.
Kataryň Söwda-senagat edarasynyň wekili duşuşygy açyp, döwlet Baştutanymyza we ähli gatnaşyjylara katar-türkmen işewür hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gyzyklanma bildirendikleri üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji döwlet sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, döwletara ykdysady gatnaşyklara kuwwatly itergi berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berildi. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mübärekläp, duşuşygyň şeýle wekilçilikli düzüminiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanmanyň hem-de hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygynyň subutnamasydygyny belledi.
Soňky ýyllarda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe boldy diýip, hormatly Prezidentimiz kanagatlanma bilen belledi hem-de häzirki döwürde türkmen-katar gatnaşyklaryny ýurtlarymyzyň eýe bolan düýpli ykdysady mümkinçiliklerine laýyk gelýän derejä çykarmak üçin ähli zerur şertleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Katar Döwletine we onuň işewür toparlaryna ynamdar hyzmatdaş hökmünde garalýandygy bellenildi. Çykyşyň dowamynda energetika, oba hojalyk toplumy, dokma pudagy, ylmy we innowasion önümçilikler, şäher gurluşygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak ýaly pudaklarda maýa goýum işini ösdürmegiň mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmak teklip edildi.
Söwda-ykdysady ugur boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň entek doly möçberde ulanylmaýandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen bilelikde işewürler geňeşiniň döredilmeginiň tarapdarydygy tassyklanyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik birleşmesi bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Kataryň telekeçiler birleşmesi bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga, şeýlelikde, işewürlik binýatlaryny pugtalandyrmaga taýýardyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2011-nji ýylyň ýanwarynda döredilen hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň guraly hökmünde çykyş edýän Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ornuna ünsi çekip, bu toparyň şu ýyl Aşgabat şäherinde geçiriljek mejlisiniň many-mazmun taýdan has-da baýlaşjakdygyna, iki ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak nukdaýnazaryndan oňyn ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, Hazar deňzinde nebit we gaz önümçiligi, Türkmenistanyň nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynda häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, halkara energetika taslamalaryna bilelikde gatnaşmak ýaly oňyn mümkinçilikleri seljermegiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň halkara turbageçirijiler taslamalaryny durmuşa geçirmäge Katar Döwletiniň işewürler bileleşiginiň gatnaşmagy üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny görýäris. Şeýle uly taslamalaryň biri hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda täze awtomobil, howa, demir ýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üpjünçilik ulgamlary boýunça taslamalara katarly hyzmatdaşlary çekmäge taýýarlyk beýan edildi.
Hazaryň kenarynda 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Onuň häzirki döwürde kuwwatly deňiz menzili bolup durýandygy bellenildi. Bu port iň täze tehnikalar bilen üpjün edilendir hem-de Ýakyn we Orta Gündogaryň, Hindi ummany sebitiniň bazarlary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga niýetlenendir. Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli örän iri ulag merkezleriniň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Lybaslaryň, matalaryň, ýüplügiň dürli görnüşlerini öndürýän onlarça döwrebap kärhanany öz içine alýan dokma senagaty ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dokma önümlerini öndürmek üçin ýerli çig mal, hususan-da, ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän pagta ulanylýar.
Hakyky giň möçberli, ösüşe niýetlenen bilelikdäki taslamalaryň zerur bolan döwrüne ýetilendigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň ykdysady hyzmatdaşlygyň hereketlendiriji güýjüne öwrülip, täze maýa goýumlary çekmek, garyşyk önümçilikleri döretmek, häzirki zaman hyzmatlar ulgamyny emele getirmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Umuman, bu taslamalar uzak möhletli, strategik, toplumlaýyn türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň başlanmagyna itergi berip biler. Biz munuň üçin iň amatly kanunçylyk we guramaçylyk şertlerini döretmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Mundan başga-da, Katar Döwletiniň maliýe ulgamynyň, maliýe-karz edaralarynyň, ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň, biržalarynyň döreýşiniň we hereketiniň oňyn tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyldy. Şeýle hem türkmen telekeçileriniň katarly kärdeşleri bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary düýpli we hil taýdan giňeltmäge, olaryň üstünlikli tejribesini özleşdirmäge, häzirki zaman iş dolandyryş usullaryny we çözgütlerini ornaşdyrmaga taýýardyklary nygtaldy. Häzir şeýle hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikler bar diýip, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň haryt öndürijileriniň we hyzmatlar ulgamynda özara sergileri geçirmegiň, bilelikdäki işewürlik maslahatlaryny yzygiderli guramagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.
Biziň ýurdumyz islendik netijeli teklipler, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşyga Katar Döwletiniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen pugta we uzak möhletleýin söwda-ykdysady hem-de maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmagynyň ýolundaky möhüm ädim hökmünde garaýandygyny nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow katarly dostlarymyzy iki tarapyň hem ägirt uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän giň gerimli, özara bähbitli, hakyky hyzmatdaşlyga çagyrdy we duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk, uly üstünlikleri arzuw etdi.
Katar Döwletiniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň wekilleri öz çykyşlarynda biziň ýurtlarymyzy durnukly häsiýete eýe bolan hem-de özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan ýakyn gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellediler. Işewürler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu gezekki döwlet saparynyň ähmiýeti barada aýdyp, onuň iki ýurduň ähli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar.
Dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde 2010-njy ýylda Doha şäherine bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-katar hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn esasda ösdürmegiň binýadynyň goýlandygyny bellediler. Şol gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar toplumy iki ýurda gatnaşyklary özara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatlyklary we baý tebigy serişdeleri, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen pudaklarynyň gazanýan üstünlikleri, durmuşa geçirilýän milli hem-de halkara ähmiýetli iri taslamalar barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Şeýle hem bu ýerde Kataryň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan kompaniýalarynyň kuwwatlyklary we mümkinçilikleri barada gürrüň berildi. Dostlukly ýurduň işewür toparlary ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Çykyş edenler özleriniň türkmen kärdeşleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge bolan meýillerini beýan etdiler hem-de iki ýurduň milli ykdysadyýetleri üçin birnäçe möhüm ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Hususan-da, ýangyç-energetika toplumy, nebitgaz enjamlaryny eksport etmek, söwda-ykdysady, senagat, oba hojalygy, azyk senagaty, gurluşyk we syýahatçylyk ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen anyk teklipler öňe sürüldi.
Şeýle-de türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny giňeltmäge hem-de giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, halkara ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iş alyp barmak ugrunda döredilýän amatly maýa goýum ýagdaýy we üpjün edilýän şertler bilen ýerinde tanyşmak üçin Türkmenistana gelip görmäge meýilleriniň bardygy nygtaldy. Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň Katarda bilelikdäki işewürlik taslamalaryny durmuşa geçirmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýdyldy. Ulag-logistika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda Aşgabatda dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biriniň ýöriteleşdirilen merkezini açmak teklibi öňe sürüldi. Gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda bank işi we gozgalmaýan emläk bazaryny ösdürmek ykdysadyýetiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Erkin senagat zolaklaryny döretmek, onda Kataryň toplan oňyn tejribesini alyşmak ýaly birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Işewür toparlaryň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen şu gezekki duşuşygyň geçirilmegi hem-de ýokary derejedäki gepleşikler netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berer.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Katar kompaniýalarynyň wekilleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Katar Döwletiniň Emiriniň köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani mähirli garşylady. Döwlet Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite taýýarlanan münbere bardylar. Soňra belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi garşylamak dabarasy boldy.
Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Kataryň Emiri Hormat garawulynyň serkerdesiniň hasabatyny kabul edip, nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň Döwlet baýdagyna baş egip, hormat goýýar. Soňra Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani hem-de döwlet Baştutanymyz köşgüň eýwanynda Kataryň we Türkmenistanyň resmi wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.
Soňra iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler geçirildi.
Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de Hökümet wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, Katara gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmak bilen, iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.
Kataryň Emiri ikitaraplaýyn syýasy dialogyň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen belläp, özara saparlaryň we ýokary derejedäki duşuşyklaryň munuň subutnamasydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, munuň soňky wagtda Türkmenistanyň Baştutany bilen eýýäm ikinji duşuşykdygyna üns çekildi.
Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hiç hili päsgelçilik ýok. Bar bolan ägirt uly kuwwaty durmuşa geçirmekde tagallalaryň birleşdirilmegi bolsa ýakyn geljekde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, özara haryt dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga, onuň düzümini we mazmunyny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik berer. Ýangyç-energetika toplumy, senagat we söwda, ulag-aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, maýa goýumlar, gurluşyk, syýahatçylyk ulgamlary döwletara hyzmatdaşlygyň has ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şeýle hem ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelmeginiň ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygy üçin berk binýat bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk tassyklanyldy.
Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani şu gezekki ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, onuň iki halkyň dostlukly gatnaşyklaryny we netijeli katar-türkmen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň ýolundaky möhüm ädimdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Dohada Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylmagynyň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Nygtalyşy ýaly, bu waka ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry alamatlandyrar.
Kataryň Emiri sözüniň ahyrynda çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli türkmen myhmanyna ýene-de bir gezek hoşallygyny beýan edip, şu gezekki saparyň netijeleriniň we gazanylan ylalaşyklaryň strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary mübärekläp, mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerligi üçin Hökümet wekiliýetiniň adyndan Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kataryň Emirine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny we häzirki gepleşikleriň ynanyşmak ýagdaýynda geçýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu duşuşygyň iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitjekdigine ynam bildirildi.
Hormatly Prezidentimiz Katara ilkinji döwlet saparynyň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklara we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy. Biziň gatnaşyklarymyzyň netijeli ösdürilmegi birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine, halklarymyzyň ruhy hem-de ahlak gymmatlyklarynyň birmeňzeşligine esaslanýar. Bularyň ählisi bize dürli ugurlar boýunça ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary alyp barmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwlet saparymyzyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, daşary syýasat edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek ýaly örän möhüm meselelere aýratyn orun berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Biziň ýurtlarymyz daşary syýasat ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalarda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen oňyn Bitaraplyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hem-de sport ulgamy ýaly möhüm meseleler boýunça Kararnamalaryň awtordaşy hökmünde çykyş edendigi üçin katar tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Bu bolsa iki ýurduň umumadamzat ähmiýetli meselelere çemeleşmeleriniň birmeňzeşdigini ýene-de bir gezek subut edýär.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyna Katar Döwletiniň hem agza bolmagy döwletlerimiziň dünýäde dostlukly gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp dowam etdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýändiklerini görkezýär. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralaryna, ençeme ýöriteleşdirilen halkara komissiýalaryna we komitetlerine saýlawlarda Katar Döwletiniň dalaşgärligini ençeme gezek goldady. Şeýle çemeleşme dowam etdiriler.
Aziýada ynanyşmagy berkitmek, ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary depginli ösdürmegiň pugta syýasy we hukuk kepillendirmelerini döretmek türkmen-katar syýasy gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ikitaraplaýyn görnüşde we halkara düzümlerde bilelikdäki işi depginli dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Katar Döwleti bilen uzak möhlete gönükdirilen, deňhukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Nygtalyşy ýaly, dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler olaryň hem Türkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň tarapdarydyklaryny görkezdi. Biziň ýurtlarymyzyň ýangyç-energetika kuwwaty we olaryň dünýäniň söwda, ulag-aragatnaşyk çatrygynda oňaýly ýerleşmegi türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge giň ýol açýar. Şunda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu toparyň nobatdaky mejlisi ýakyn wagtda Aşgabatda geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz maýa goýum, nebitgaz senagaty, bu pudaklar boýunça häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa bilelikdäki önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, hususan-da, iki ýurduň arasynda nebit senagaty boýunça maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, katarly hyzmatdaşlary ýangyç-energetika toplumyna degişli halkara turbageçirijileri we beýleki taslamalary amala aşyrmaga has işjeň we netijeli gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet Baştutanymyz dokma senagatyny hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, katarly işewürleriň bu ugurdaky tekliplerine seretmäge doly taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Türkmen-katar işewürler geňeşini döretmek meselesini iş ýüzünde amala aşyrmaga içgin seretmegiň möhümdigini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky bilelikdäki işi güýçlendirmegiň halklarymyzyň ýakynlaşmagyna we özara kämilleşmegine, iki halkyň arasyndaky dostlugy berkitmäge ýardam berýän örän möhüm şertdigini nygtady.
Siziň ýurduňyzyň halkynyň köp däp-dessurlary we gymmatlyklary bize ýakyndyr hem-de düşnüklidir diýip, döwlet Baştutanymyz iki halkyň taryhy-medeni mirasyny dikeltmek we gorap saklamak işinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigine üns çekildi. Hususan-da, Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga Türkmenistanyň uly gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, dünýäniň ýokary tehnologiýalar babatda gazananlaryny özleşdirmek, tejribe we tälim alyş-çalyş saparlaryny guramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek teklip edildi.
Sport ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Türkmenistanda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýar. Şeýle-de biziň döwletlerimiziň iri halkara sport forumlaryny we ýaryşlary geçirip, halkara sport hereketini ösdürmäge uly goşant goşýandyklary bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň bu ulgamdaky uly üstünlikleri, şol sanda sebit hem-de dünýä derejesindäki iri sport ýaryşlaryny guramak we geçirmek bilen bagly üstünlikleri barada aýdyldy. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigini we onuň açylyş dabarasyna gatnaşandygyny belledi.
Bu mesele boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kataryň sport ulgamynda ýöriteleşdirilen akademiýasynyň bardygyny, Türkmenistanda bolsa sport üçin ähli amatlyklary bolan Olimpiýa şäherçesiniň hereket edýändigini belledi we birnäçe anyk teklipleri beýan etdi. Hususan-da, gürrüň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny geçirmek teklibi barada barýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu başlangyjyň Katar Döwleti tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz dürli ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin Kataryň Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirip, doganlyk halka parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geçirilen netijeli gepleşikler, ýurtlarymyzyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ähli zerur işleri etmäge taýýardyklary üçin Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä hem-de katar wekiliýetiniň agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emirini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Soňra ikiçäk görnüşde ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler saparyň gün tertibine girizilen meseleleriň taraplaryň döwletara gatnaşyklary we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga bolan gyzyklanmalaryny beýan edýändigini tassykladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyza hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani öz ýurdunyň dostlukly Türkmenistan bilen birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.
Gepleşikleriň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji döwlet saparynyň iki ýurduň arasyndaky dоst-dоganlyk gatnaşyklarynyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Doha şäherinde ýerleşýän ilçihanasynyň açylmagy uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berer.
Katar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugrudygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlardaky döwletara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň iki tarapyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Goşulyşmazlyk Hereketiniň çäklerinde öňe sürülýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe süren başlangyjy esasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny işjeň durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynda alyp barýan işlerinde ugrukdyryjy taglymat bolup durýar.
Söhbetdeşleriň pikirine görä, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, döwletleriň we halklaryň arasyndaky deňhukuklylyk, açyklyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ösdürmek ähmiýetlidir.
Parlamentara gatnaşyklar duşuşygyň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyp, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň çemeleşmelerini kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde ykdysady, söwda we maýa goýum, maliýe-bank ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ýangyç-energetika toplumynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, import-eksport kuwwatyny amala aşyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar.
Hormatly Prezidentimiz hem-de Katar Döwletiniň Emiri iki halkyň medeni-taryhy kökleriniň we ruhy baglanyşyklarynyň mizemezdigi barada aýdyp, ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, ylym, medeniýet ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şeýle-de ýaşlar syýasatynda, durmuş ulgamynda, syýahatçylyk we sport boýunça ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanlary taraplaryň gyzyklanma bildirýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmek işindäki hyzmatdaşlykda garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini bellediler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Umuman, şu gezekki saparyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen Katar Döwletiniň Döwlet prokuraturasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 2023-2024-nji ýyllar üçin sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Katar Döwletiniň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda Maksatnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Katar Döwletiniň Zähmet ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Diplomatik, gulluk we ýörite pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasyna geldi we bu ýerde gaznanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Gaznanyň ştab-kwartirasynyň esasy girelgesinde döwlet Baştutanymyzy Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasynyň uniwersitete çenli bilim bölüminiň ýolbaşçysy hanym Abira Al Halifa hem-de gaznanyň beýleki wekilleri mähirli garşyladylar.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1995-nji ýylda Şeýh Hamad bin Halifa Al Taniniň Permany esasynda döredilen gaznanyň esasy wezipeleri bilen tanyşdyryldy.
Bellenilişi ýaly, Bilim, ylym we jemgyýetçilik ösüşi boýunça katar gaznasynyň howandarlygynda 50-den gowrak bilim we ylmy-barlag edaralary döredildi. Gazna Katarda köpugurly innowasion merkez bolup, bu ýerde ýerli alymlar ählumumy meseleleri çözmegiň üstünde işleýärler. “Bilim şäheri” diýlip atlandyrylýan şäherde 12 inedördül kilometrden gowrak bolan barlag we jemgyýetçilik merkezleri, öňdebaryjy halkara ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalary açyldy.
Soňra döwlet Baştutanymyza gazna baradaky wideoşekiller görkezildi. Durnukly adam kuwwatyny ösdürmäge çalyşýan, bilime esaslanýan ykdysadyýetli ýurduň durmuş we ykdysady abadançylygyny maksat edinýän innowasion, açyk jemgyýeti goldamak bu gaznanyň esasy maksadydyr.
Gaznanyň işi bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Hoşlaşanlarynda, gaznanyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza ähli asylly başlangyçlarynda uly üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, bagtyýýarlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Kataryň Milli muzeýine tarap ugrady. 2019-njy ýylda açylan muzeýiň binagärlik aýratynlygy bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow muzeýiň işi bilen tanyşdyryldy. Muzeýiň gaznasynda bu döwletiň dürli döwürlerdäki taryhy barada maglumat berýän köp sanly gymmatlyklar bar.
Muzeýiň jemi 11 galereýasy bolup, olar “Başlangyç”, “Kataryň durmuşy” we “Kataryň häzirki zaman taryhy” ýaly üç bölüme bölünýär. Bu ýerde milli lybaslary, daşdan taýýarlanan senetçilik önümlerini we şaý-sepleri, gadymy gämileriň şekil taslamalaryny, ýaraglaryň görnüşlerini, arheologik tapyndylary, halk lukmançylygynyň serişdelerini görmek bolýar.
Birinji bölümde döwlet Baştutanymyza Kataryň tebigatyna, ösümlik we haýwanat dünýäsine degişli gymmatlyklar görkezildi. Soňra muzeýiň beýleki bölümleriniň birinde dostlukly ýurduň häzirki zaman ösüşi we halkyň gündelik durmuşy, Kataryň täze taryhynyň ähmiýetli wakalary animasiýa arkaly görkezildi. Şeýle hem aýratyn bölümde Emiriň maşgala agzalary baradaky maglumatlar ýerleşdirilipdir.
Muzeý bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Doha şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza tarap ugrady.
Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Howa menzilinde bolan söhbetdeşlikde Katar Döwletiniň ilçihanasynyň wekili döwlet Baştutanymyzy Doha şäherinde ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, döwlet saparynyň netijeleri hem-de gol çekilen resminamalaryň uly toplumy özara düşünişmek, deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini görkezdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen duşuşygy iki tarapyň hem döwletara hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin esasda ýola goýup, has uly netijeleri gazanmagy maksat edinýändiklerini tassyklady.
***
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Katara döwlet saparynyň çäklerinde Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabaraly çärä daşary ýurtlaryň Katardaky diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle-de ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzyň Katardaky diplomatik wekilhanasyny açmak baradaky Permana döwlet Baştutanymyzyň 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çekendigini bellemek gerek.
Ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk derejesini dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna goldaw bermek, ähli möhüm meseleler boýunça netijeli dialog üçin şertleri döretmek, halkara gatnaşyklaryň hemişelik hereket edýän mehanizmlerini ýola goýmak üçin işjeň ulanmagy maksat edinýär. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň işi hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.
Ilçihananyň açylyş dabarasynda Watanymyzyň ýaşyl tugy belende galdyryldy we Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.
Nygtalyşy ýaly, bu şanly waka Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Katar Döwleti bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine berýän möhüm ornuny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Doha şäherindäki ilçihanasynyň işiniň döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine laýyk boljakdygy, bu gatnaşyklaryň açyklyk we ynanyşmak häsiýetini alamatlandyrjakdygy, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler bilen gabat gelen şu günki wakanyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýokary derejedäki duşuşyk iki ýurduň özara bähbitli, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiginiň nobatdaky subutnamasy hem-de iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hoşniýetli erkiniň beýany boldy.