Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 2280

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!

Nowruz baýramy mynasybetli Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we hytaý halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet saparyňyzyň barşynda Siziň bilen dostlukly we çuň manyly gepleşikleri geçirdik. Hytaý-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmagy, şeýle hem Hytaýyň we Türkmenistanyň “bitewi ykbalynyň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegi bilelikde beýan etdik. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş ýoluny kesgitledi.

Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we şu ýylyň maý aýynda Hytaýda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň çäklerinde birinji sammite gatnaşmagyňyzy mübärekleýärin. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlykda uly netijeleriň gazanylmagyny üpjün etmek üçin Siziň bilen Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmegiň ägirt uly meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga umyt edýärin.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Si SZINPIN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Biziň doganlyk halklarymyz gadymdan bäri sarpalanylýan bu baýramy sazlaşygyň we bitewüligiň dabaralanmagy, hoşniýetliligiň, bagtyýarlygyň nyşany hökmünde garşylaýarlar. Goý, Nowruzyň nurana günleri bizi ýylysy bilen çoýup, biziň jebis döwletlerimize abadançylyk we bolelinlik eçilsin!

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde pugta dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gazak-türkmen strategik hyzmatdaşlygynyň biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size Türkmenistanyň ýagty geljeginiň we rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa bagt we abadançylyk arzuw edýärin. Goý, Nowruz her bir öýe bereket hem-de rowaçlyk getirsin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Bahar baýramy bolan Nowruzyň baýram edilmegi mynasybetli Gyrgyzystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň doganlyk halklarymyz asylly däpleri alamatlandyrýan bahar baýramyny gadymdan bäri giňden belleýärler, ony parahatçylyk we abadançylyk baradaky nurana arzuwlar, ýagty geljege bolan täze umytlar bilen garşylaýarlar.

Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyga we strategik gatnaşyklara esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň biziň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet işiňizde üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Sadyr ŽAPAROW,
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Nowruz baýramy mynasybetli Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge şatdyryn.

Men Siziň bilen bilelikde, Siziň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gazanan möhüm ylalaşyklaryňyzy yzygiderli durmuşa geçirmäge, “Bir guşak — bir ýol” strategik başlangyjy we Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” strategiýasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlemegi çuňlaşdyrmaga, özara bähbitli netijeleri gazanmak, iki ýurduň halklarynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli ulgamlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam bermäge taýýardyryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagt we abadançylyk arzuw edýärin.

Li SÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Nurana Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Goý, biziň medeniýetlerimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýan bu gadymy baýramçylykda ähli umytlarymyz hem-de döwletlerimiziň ösmegi we rowaçlanmagy baradaky asylly maksatlarymyz hasyl bolsun!

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Alihan SMAILOW,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri.