2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de esasy ugurlary kesgitlenildi.
2023-nji ýylda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň 30-ýyllygynyň bellenilmegi nukdaýnazaryndan, TÜRKSOÝ-yň agza ýurtlarynda meýilleşdirilýän möhüm çäreleriň tertibine, guramaçylyk we mazmuny bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Hususan-da, şu ýylyň iýunynda Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň medeniýet günlerini geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
TÜRKSOÝ ugry boýunça möhüm senelere bagyşlanyp geçiriljek bilelikdäki çäreleriň – 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary – Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi, şol sanda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň toplumynyň geçirilmegi hem-de şol ýylda gadymy türkmen şäheri – Änewi türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi boýunça meseleleri boýunça pikir alşyldy.