Ï Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegi iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegi iberdi

view-icon 6002
Türkmenistan Ukraina ynsanperwer kömegi iberdi

Türkmen halkynyň hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, ynsanperwerlik we raýdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky hossarlyga mätäç çagalara kömek haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýüki iberildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Ukraina iberilen ynsanperwer ýüki derman serişdelerinden we lukmançylyk enjamlaryndan, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat.