Ï Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek tabşyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek tabşyryldy

view-icon 3427

2024-nji ýylda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine:

— ýokarda agzalan oýunlara ylmy esasda taýýarlanmagy üpjün etmek;

— degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli maksatnamany, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary maksatnamada we meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmeginde Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine ýardam bermäge borçly edildi.