Ï Parlament saýlawlarynda 60% gowrak saýlawçylar ses berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parlament saýlawlarynda 60% gowrak saýlawçylar ses berdi

view-icon 2996
Parlament saýlawlarynda 60% gowrak saýlawçylar ses berdi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Şu gün Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, şeýle hem Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dowam edýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, sagat 13-e çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ähli saýlawçylaryň 61,68 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 61,91 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 61, 96 göterimi ses bermäge gatnaşdylar.

Şu gezekki saýlawlar dünýäniň köp ýurtlarynda gyzyklanma döredýär. Muňa Merkezi saýlaw toparynyň saýtyna girýänleriň sanynyň köpdügi hem şaýatlyk edýär, bu saýt boýunça şol sanda 240 saýlaw uçastogyndan onlaýn görnüşinde ýaýlyma berilýär.

Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrýarlar.