Ï Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek dowam edýär

view-icon 2478
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça ses bermek dowam edýär
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, sagat 15-e çenli Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna ähli saýlawçylaryň 74,48 göterimi, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna 74,65 göterimi, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 74,17 göterimi ses bermäge gatnaşdylar. 

Daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynda hem ses bermek çäresi guramaçylykly geçirilýär. 

Mälim bolşy ýaly, şu gezekki möhüm jemgyýetçilik syýasy çäresini geçirmäge uly taýýarlyk işleri görüldi. Hususan-da, welaýat halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 515-si, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň 2001-si, Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň 12098-si hem-de mejlisiň deputatlygyna syýasy partiýalar we raýat toparlary tarapyndan hödürlenilen dalaşgärleriň 258-si bellige alyndy. 

Şu gezekki saýlawlar dünýäniň köp ýurtlarynda gyzyklanma döredýär. Muňa Merkezi saýlaw toparynyň saýtyna girýänleriň sanynyň köpdügi hem şaýatlyk edýär, bu saýt boýunça şol sanda 240 saýlaw uçastogyndan onlaýn görnüşinde ýaýlyma berilýär. 

Ses berlişiniň barşyna halkara we milli synçylar monitoringi amala aşyrýarlar.