Ï Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz saýlawlara gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtlardaky raýatlarymyz saýlawlara gatnaşdylar

view-icon 3557

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Saýlaw uçastoklary dünýäniň her sebitiniň ýerli wagtyna laýyklykda, ir säher bilen açyldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylary tarapyndan daşary ýurtlarda bilim alýan talyplarymyzyň, şeýle-de saýlaw wagtynda belli bir sebäplere görä Türkmenistanyň çäginden daşarda bolýan raýatlarymyzyň öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda jemi 12 müň 907 saýlawçy bellige alyndy. Aşgabat wagty bilen sagat 19:00-a çenli 12 müň 300-den gowrak adam ses berdi. Synçylaryň baha bermeklerine görä, dünýäniň dürli döwletlerinde ýaşaýan, işleýän hem-de bilim alýan ildeşlerimiz ähli saýlaw uçastoklarynda ýokary raýat işjeňligini we jogapkärçiligini görkezdiler.