Ï Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar

view-icon 1930

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Halk Maslahatynyň Başlygy, gadyrly doganym!

Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýan halklaryň gadymdan gelýän baýramydyr. Umumy däp-dessurlarymyzy geljekki nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, dünýäniň çar künjeginde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy biziň dost-doganlygymyzyň beýanydyr. Bu baýram tebigatyň we topragyň janlanmagynyň, baharyň, täze başlangyçlaryň nyşanydyr.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolup geçen ýertitremeden soňra, Türkiýe Respublikasyna bildirilen raýdaşlyk diňe bir ýurtlarymyzyň arasyndaky berk arabaglanyşygy däl-de, eýsem, biziň halklarymyzyň kalplarynda ähli döwürlerde Nowruz baýramynyň ruhunyň joşýandygyny hem görkezdi.

Agzybirligiň we jebisligiň müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi gorap saklamaga ýardam berýändiginiň ajaýyp subutnamasy bolan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Rejep Taýyp ÄRDOGAN,

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Halkara Nowruz güni mynasybetli Size iň gowy arzuwlarymy we ýürekden gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Halklarymyzyň gadymdan bäri belläp gelýän bu baýramynyň döredijilik ruhly başlangyçlary özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda biziň üçin asyrlaryň dowamynda ýolgörkeziji bolup gelýär.

Ýurtlarymyzyň Nowruz baýramynyň hoşniýetli ýörelgelerine eýerip, halklarymyzyň röwşen geljeginiň üpjün edilmeginiň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tagalla etjekdiklerine berk ynanýaryn.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gadyrly dostum we doganym, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlaryňyzyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin!

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Emomali RAHMON,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *


Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly dostum!

Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna ähli musulman ymmatynyň, şol sanda doganlyk özbek hem-de türkmen halklarynyň asyrlaryň dowamynda uly şatlyk bilen belläp gelýän mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin. Goý, hoşniýetliligiň, rehimdarlygyň nyşany bolan, berekedi babatda deňi-taýy bolmadyk mukaddes Oraza aýy ähli musulmanlara şatlyk hem-de rowaçlyk getirsin!

Bu şanly günlerde doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, köpasyrlyk taryhyň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki döwürde döwletara hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berýändigini bellemäge şatdyryn.

Şu şatlykly günlerde Beýik Biribardan Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli ýagşy niýet-arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.