Ï Merkezi saýlaw topary: Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi saýlaw topary: Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemleri

view-icon 3572
Merkezi saýlaw topary: Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky jemleri
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar brifing geçirdi. Onda merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň deslapky netijelerini yglan etdi.

Duşuşyga daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habarlar agentlikleriniň, elektron, metbugat neşirleriniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary, halkara synçylar gatnaşdylar.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlawlaryň deslapky netijelerini yglan etmezden ozal, bu ýere ýygnananlara möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk we ony geçirmek boýunça alnyp barlan işler barada habar berdi hem-de saýlaw çärelerine gatnaşanlaryň hemmesine, saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlaryny maglumat taýdan üpjün eden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine hoşallyk bildirdi.

Saýlawlaryň barşyna syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan synçylaryň syn edendiklerini bellemek gerek.

Synçylaryň belleýişleri ýaly, saýlawlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen syýasatyny durmuşa geçirmegiň we türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy waka türkmenistanlylaryň ýurdumyzyň we halkymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine döwlet derejesinde geçirilýän işlere işjeň gatnaşýandyklaryny aýdyňlygy bilen görkezdi.

Saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, daşary ýurtlardaky saýlaw toparlaryndan gelip gowuşýan käbir maglumatlary hasaba almanyňda, ses bermäge bellige alnan saýlawçylaryň 91 göterimden gowragy gatnaşdy. Bu bolsa ilatyň raýatlyk işjeňliginiň ýokarydygyna, olaryň Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän demokratik özgertmelere mundan beýläk-de düşünjelilik bilen gönüden-göni gatnaşmaga ymtylýandygyna şaýatlyk edýär.

Saýlawlar gününde ýaşaýan ýerlerinde bolup bilmedik saýlawçylar üçin şu ýylyň 16 — 25-nji marty aralygynda möhletinden öň ses bermek mümkinçiligi döredildi. Tutuş ýurdumyzda saýlaw uçastoklarynyň 2644-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda 42 saýlaw uçastogy hereket etdi.

Merkezi saýlaw toparynyň beren maglumatlaryna laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi.

Häzir Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky käbir diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky saýlaw uçastoklaryndan wagt guşaklygynyň tapawutlylygy sebäpli gijräk gelip gowuşýan maglumatlar nazara alnyp, saýlawçylaryň seslerini gutarnykly sanamak işleri dowam edýär. Ýöne eýýäm häzirden türkmen halkynyň agzybirlikde we bitewülikde gadymdan gelýän halk häkimiýetlilik däpleriniň dabaralanmagyna nobatdaky gezek ses berendigini ynamly aýtmak bolar. Şol däpler jemgyýetimiziň, durmuşa geçirilýän özgertmeleriň demokratik ýörelgeleriniň esasyny emele getirýär.

Bellenilişi ýaly, saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde, ruhubelentlik we toý-baýramlara mahsus ýagdaýda geçdi. Munuň şeýle bolmagyna häzirki jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmek boýunça köptaraply işlere degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we birleşmeleriň, kärhanalaryň, guramalaryň işgärleriniň, synçylar toparlaryna wekilçilik edýän daşary ýurtly myhmanlaryň, taýýarlyk işleriniň hemme tapgyrlary we saýlawlaryň geçişini giňişleýin beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmagy hem ýardam etdi.

Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda jemlener we aýan ediler.