Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hatlar

view-icon 2053

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Gadyrly we hormatly dostum!

Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda emele gelen dostlukly gatnaşyklara we özara düşünişmäge ýokary baha berip, olary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ismail Haldini Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň şahsy häsiýetleri we ukyp-başarnyklary öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipäni mynasyp ýerine ýetirjekdigine we bildirilen ynamy ödejekdigine ynanmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň Hökümetine Ysraýyl Döwletiniň adyndan aýtjak ähli sözlerine doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde belent wezipesini abraý bilen tamamlan hanym Bet-Iden Kaýta bildirilen myhmansöýerlik hem-de goldaw üçin hoşallyk bildirmek isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistanyň abadançylygy we rowaçlygy baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Dostlukly arzuwlar bilen,

Ishak Gersog,

Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

* * * 

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Size abadançylyk eçilmegini we doga-dilegleriňiziň kabul bolmagyny dileýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Abdelmajid Tebbun,

Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli doga-dileglerimiziň kabul bolmagyny we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, bolçulyk eçilmegini dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz AL Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adymdan mukaddes Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Abdulla II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti, 

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize gutlaglarymy we berk jan saglyk, bagtyýarlyk baradaky arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan doga-dileglerimiziň kabul bolmagyny we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, bolçulyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdelaziz AL Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy.