Ï Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi

view-icon 4180

Şu gün Daşary işler ministrliginde Arkadag şäherine, bu taslamanyň Türkmenistan üçin uly ähmiýetine hem-de ony durmuşa geçirmegiň halkara ugurlaryna bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, milli hem-de daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Brifingiň dowamynda bellenilişi ýaly, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň pugtalandyrylmagy, onuň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şunda ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň üpjün edilmegine, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu wezipeleri çözmek maksady bilen, giň gerimli uzak möhletleýin özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täze taryhy eýýamda Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ygtybarly binýadyny üpjün edýän milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy tejribesine esaslanýan, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerini we kadalaryny, döwlet gurluşynyň iň gowy tejribesini özünde jemleýän döwlet hem-de jemgyýetçilik ulgamy ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Arkadag şäherini gurmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridigi nygtaldy. Bu pikiriň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, täze şäheriň pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýandygyndadyr. Şol bir wagtyň özünde, bu şäherde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar. Mälim bolşy ýaly, şäheriň gurluşygynda binagärligiň we şäher gurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäher konsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalar ulanylýar.

Ýokarda beýan edilenler Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kanunçylygyndaky ähmiýetini hukuk taýdan berkitmek meselesine seredilmegini şertlendirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäher bilen baglanyşykly meseleleriň tutuş toplumyny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak babatda birnäçe teklipleri beýan etdi. Bu ugurda alnyp barlan giň möçberli işleriň netijesinde, “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. 2023-nji ýylyň 23-nji martynda bu kadalaşdyryjy hukuk resminamasy kabul edildi we oňa Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. 24-nji martda bolsa Kanun resmi metbugatda çap edildi we herekete girizildi.

Bu Kanunyň esasy düzgünleri barada aýdylanda, Arkadag şäherine ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Täze şähere degişli başga-da kadalaşdyryjy hukuk namalary taýýarlanyldy we kabul edildi. Bellenilişi ýaly, Arkadag şäherini gurmak pikiri, onuň ýurdumyzyň syýasy kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine daşary ýurtlardan we halkara guramalardan gelip gowuşýan hatlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Hatlarda bu şäheriň özboluşlylygy, onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ýokary ölçeglerine doly laýyk gelýändigi, bu şäheriň ösüşiniň ägirt uly halkara mümkinçilikleriniň bardygy bellenilýär.

Geçen ýylyň ahyrynda we şu ýylyň ilkinji aýlarynda Arkadag şäherine dürli halkara guramalaryň wekilleriniň gelip görendigi aýdyldy. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň, BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we beýleki ýöriteleşdirilen edaralaryň wekilleriniň bardygyny bellemek gerek. Şäheriň gurluşygynda ulanylan gurluşyk, binagärlik, logistik, tehnologik we dizaýn çözgütlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýokary baha berendikleri nygtaldy.

Brifingde Arkadag şäheriniň ekologik taraplaryna aýratyn üns çekildi. Şäheriň guruljak ýeri saýlanylanda, tebigy landşaft, daşky gurşaw ýaly şertler göz öňünde tutuldy. Adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňyn şertleriň döredilmegi, innowasion, interaktiw tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bu şäheriň tapawutly aýratynlygydyr. Şeýle hem şäheriň gurluşyklarynyň taslamalary we onuň smart ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda, bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş hünärmenleriň çekilendigini bellemek gerek. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak, ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini görkezýär. Şeýle-de ýakyn wagtda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy boýunça bäsleşigiň geçiriljekdigi barada habar berildi.

Brifingiň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri daşary ýurtly gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdiler.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar Türkmenistanyň şeýle şäherleri döretmekde görelde bolýandygyny we Arkadag şäheriniň uly geljeginiň bardygyny bellediler. Şunda ekologik abadançylygyň saglyk bilen, umuman, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglydygyna görä, täze “akylly” şäheriň konsepsiýasynyň BSGG-niň howandarlygyndaky “Sagdyn şäherler” ählumumy hereketiniň ýörelgelerine laýyk gelýändigi nygtaldy.

Şeýlelikde, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň we üstünlikleriniň aýdyň beýany bolan Arkadag şäheriniň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň merkezi bolmagy üçin ähli şertler bar.