Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat

view-icon 2921

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Mejlisine we ýerli häkimiýet edaralaryna saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik ýörelgeler esasynda üstünlikli geçirilendigi mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Parlamentiň täze düzüminiň özüniň netijeli işi bilen Türkmenistanyň ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine, ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ilatyň hal-ýagdaýynyň hemmetaraplaýyn gowulandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn. Saýlawlaryň netijeleri Siziň baştutanlygyňyzda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamasynyň türkmen halky tarapyndan dolulygyna goldanylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de has ýokary derejä çykaryljakdygyna we iki doganlyk halkyň bähbidine okgunly ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.