Ï Aşgabat şäheriniň häkimligi Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurluşyk işleri boýunça goşmaça ylalaşyklary baglaşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň häkimligi Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurluşyk işleri boýunça goşmaça ylalaşyklary baglaşar

view-icon 3973

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we seýilgähi gurmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji aprelinde çykaran 1203-nji Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we ýollary bilen bilelikde 9 gatly, 23 sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada baglaşan şertnamalaryna goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.