Ï Döwrebap awçylyk we balykçylyk hojalygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwrebap awçylyk we balykçylyk hojalygy

view-icon 5138
Döwrebap awçylyk we balykçylyk hojalygy

Aw tebigatdan rejeli peýdalanmak ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Diňe ýabany haýwanlary we guşlary awlamak bilen çäklenmän, eýsem olary goramaga hem-de olaryň sanyny dikeltmäge hem gönükdirilendir. Aw desgalaryny köpeltmek we ulanmak, şeýle hem köp ýurtda hyzmatlar bermek boýunça aw infrastrukturasyny guramak ýaly işleri awçylyk hojalyklary amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň ekologlar we tebigaty öwrenijiler topary awçylyk-balykçylyk hojalygyny döretmek taslamasynyň üstünde işleýär, ol ilkinji nobatda, Lebap welaýatynyň hususysyýetçiler ulgamynyň degişli pudaklaryny tebigatdan peýdalanmak işini kämilleşdirmeklige çeker. Taslama WWF/RF (Bütindünýä tebigat goramak gaznasy/RF-niň) çäklerinde Merkezi Aziýanyň daglarynda biodürlüligi gorap saklamak babatda amala aşyrylýar.

-Taslamanyň taýýarlanylyşy we geljekki awçylyk hojalygynyň çägine haýsy sebitleriň goşulyp biljekdigi baradaky sowallar bilen taslamanyň ýolbaşçysy, awçylyk, awçylyk hojalygy we aw etmegiň düzgünleri boýunça hünärmen Batyr Taganowa ýüz tutduk:

- Lebap welaýatynyň günortasynda awçylyk hojalygyny guramak pikiri Merkezi Aziýanyň daglarynda biodürlüligi gorap saklamak boýunça WWF/RF Ählumumy taslamasyny öwrenmegiň netijesinde ýüze çykdy. «Tallymerjen-Kelif-Zeýt» sebiti bu taslamanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Dolandyryş taýdan ol Lebap welaýatydyr (Kerki etrabydyr), onuň çäginde Kelif uzboýy we adybir köllerdir Zeýt suw howdany ýerleşýär.

Geljekki «Kelif» awçylyk-balykçylyk bazasyny teklip etmek boýunça maglumatlary toplamak üçin geçen güýzde iş saparyny geçirdik. Baran ýerlerimizi barlgadan geçirdik, nusgalyk ýerleriň, gidrologik şertleriň, ösümlikleriň we sebitiň beýleki aýratynlyklarynyň beýanyny ýazdyk. Bu ýerlerde dag haýwanlaryndan: şagallaryň, tilkileriň, gamyş pişikleriniň, towşanlaryň mekan tutanlygy bellendi, käwagt bu ýerlere ýekegapanlar we möjekler hem gelýär. Guşlardan - gögerçin, sülgün, ak garyn ördek, kä ýarym gara garyn ördek duş gelýär. Ötegçi we gyşlamaga düşleýän guşlardan çal we ak maňlaý gazlar, aňklar, ýaşylbaşlar, sykylykçy jünekeýler, gyzylbaş we gyzylburun çümüji ördekler, uly we kiçi jübtenler, çuluklaryň dürli görnüşi we beýleki suwda-batgada ýaşaýan guşlar gabat gelýär. Kelif köllerinde buýra we gülgüne gotanlar, çyrlagan gazlar, mermer jünekeýler, ak gözli çümüji ördekler we käte bir gyş aýlary leglekler duşýar.

- 20021-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda «Awçylyk we aw gorlaryny goramak hakynda» Kanun kabul edildi. Taslamaňyz bu kadalaşdyryjy namada kesgitlenen çäreleriň gaýtalanmasy bolmazmy?

- Umumy taslamanyň işlenip taýýarlanylmagy Türkmenistanda awçylyk hojalygynyň infrastrukturasyny döretmäge mümkinçilik berer we şu Kanunyň düzgünleriniň biriniň ýerine ýetirilmegini üpjün eder. Munuň üçin suwly-batgalyk ýerler hem-de «Kelif» awçylyk-balykçylyk hojalygynyň geljekki binýady bilen gönüden-göni baglanyşykly ýerli guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdik.

Sözüň giň manysynda hojalygyň önümçilik mümkinçiligi ulanylýan ýeriň tebigy şertlerine, häsiýetlerine we olary özleşdirmegiň aýratynlyklaryna baglydyr. Şonuň üçin bu ýerleri çuňňur öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Bu onuň dogry we rejeli özleşdirilmeginiň aýrylmaz şertdir.

Ýurdumyzda bellenen awçylyk meýdanlaryny (awçylyk hojalyklary däl) ulanmak tejribesi bar. Bu ýerler, umuman jemgyýete ykdysady täsir etmezden, şahsy ulanmak üçin ýabany haýwanlar awlanylýan ýerler hasaplanýar.

- Awçylar we balykçylar jemgyýetimiziň bardygyny hem aýtmak artykmaçlyk etmese gerek...

- Hawa, ol aw etmegi halaýan höwesjeň agzalarynyň bähbidine hereket edýär. Jemgyýetiň welaýatlardaky bölümlerine höwesjeň aw bilen meşgullanmaga hukugy bolan meýdanlar berkidilendir. Diňe bir sport-sagaldyş talaplary bolman, eýsem dürli aw we balyk önümleriniň dürli görnüşlerini hem ulanmaklygy üpjün etmek höwesjeň aw bilen meşgullanmaga hukugy bolan awçylyk hojalygy—eýýäm başga mesele. Munuň üçin ýabany haýwanlaryň we guşlaryň gorlaryny goramak, köpeltmek we rejeli ulanmak amala aşyrylýan awçylyk hojalygy guralýar we abadanlaşdyrylýar.

Taslamamyzda awçylyk hojalgyny guramak teklibi aw meýdançalarynyň ulanyja hemişelik esasda berilmegini göz öňünde tutýar.

- Taýýarlaýan taslamaňyzyň amaly ähmiýeti nämede?

- Awçylyk işini öwrenýän alymlaryň pikirine görä, taslamanyň netijeleri gyzyklanýan telekeçilere we/ýa-da onuň eýeleri «Kelif» ýörite awçylyk-fermerçilik hojalyklary döredilende ekologiýa hyzmatlaryny bermegiň ykdysady peýdasyny görkezmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, öz gezeginde, tebigaty goramak boýunça has netijeli çäreleri ösdürmäge ýardam eder.