Ï Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzy möwsüminiň buýsandyryjy buşlugy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzy möwsüminiň buýsandyryjy buşlugy

view-icon 5891
Maldarçylyk ulgamy: owlak-guzy möwsüminiň buýsandyryjy buşlugy

Lebap welaýatynyň maldarlarynyň dowarlaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen çekýän tutanýerli zähmeti özüniň oňyn netijelerini berýär.

Ýylyň ýylyna bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitiniň maldarlary üstümizdäki ýylda hem owlak-guzy möwsümini üstünlikli geçirip, göz öňünde tutulan 73 müň 772 owlak-guza derek, 74 müň 708 sany owlak-guzy almaklygy başardylar we bu baradaky meýilnamany irki möhletlerde artygy bilen amal etdiler.

Şu möwsümde alnan owlak-guzularyň ählisiniň ösdürime goýberilmegi, olaryň sagdyn kemala gelmekleri üçin hünärmenler, weterinar lukmanlar we çopanlar tarapyndan edilýän yzygiderli aladalar mallaryň baş sanynyň ep-esli artmagyna getirer.

Welaýatyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagynda bar bolan maldarçylyk hojalyklarynyň bäşisinde hem gyşyň sowuk gelendigine garamazdan, oňa ykjam taýýarlykly gelinmegi netijesinde, dowarlaryň dok gyşladylmagy aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde hem şu ýyl howanyň ir maýlamagy, ýaýlalarda otuň ir ýetişip, bol bolmagy maldarlaryň aladalary bilen utgaşyp, ösdürime goýberilen owlak-guzularyň sagdyn kemala gelmeklerine ýardam edýär.

Maldarlaryň gazanan üstünliklerinde dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamalaryny ilkinjiler bolup berjaý eden Çärjew etrabyndaky «Serdar», Halaç etrabyndaky «Garagum», Saýat etrabyndaky «Jeýhun» maldarçylyk hojalyklarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýokary netijäniň gazanylmagynda Hojambaz etrabyndaky «Tallymerjen», şeýle hem Köýtendag etrabyndaky «Köýtendag» maldarçylyk hojalyklarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygy hem bellärliklidir.

Welaýatyň düýedarçylyk hojalyklary hem üstümizdäki ýylda gowy netijeler gazandylar. Olar şu möwsümde 467 sany köşek alyp, bu baradaky meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmekligiň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda köşekler weterinar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanylyp, sagdyn kemala getirilýär.

Welaýatyň maldarlarynyň gazanýan zähmet üstünlikleri maldarçylyk hojalyklarynyň hünärmenleri tarapyndan işleriň guramaçylykly ýola goýulmagynyň, şeýle hem çopanlaryň tutanýerli zähmetiniň guwandyryjy netijeleridir.