2023-nji ýylyň 28-nji martynda Almata prosessiniň ýokary wezipeli wekilleriniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
Maslahatyň dowamynda Almaty prosessiniň 2023-2024-nji ýyllar döwri üçin iş meýilnamasynyň mazmuny, ileri tutýan wezipeleri we maksatlary bilen bagly halkara tejribe bilen tanyşyldy hem-de guramaçylyk meselelerine seredildi.
Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar halkara guramalarynyň çäklerindäki özara ynanyşmagyň ýoluna esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine uly ynam bildirdiler.