Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 4140
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. Ol şu ýylyň 26-njy martynda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada habar berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen giň gerimli işler barada habar berip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda saýlawlary demokratik ýörelgelere, milli kanunlarymyza, halkara kadalara laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini aýtdy. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 258, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 2516, Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça 12098 dalaşgär bellige alyndy. Bellenilişi ýaly, dalaşgärlere wagyz işlerini geçirmek üçin deň şertler döredildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynda ses berlişi onlaýn tertipde göni görkezildi.

Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 3 müňe golaýy, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalaryň wekilleri syn etdiler. Halkara guramalar tarapyndan geçirilen brifinglerde Türkmenistanda saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, bäsleşikli esasda, guramaçylykly geçirilendigi aýratyn bellenildi.

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy saýlawlaryň netijeleri barada aýdyp, Türkmenistan boýunça jemi 3 million 496 müň 368 saýlawçydan 3 million 185 müň 935-siniň ses berip, 91,12 göterim gatnaşygyň bolandygyny habar berdi. Ýurdumyz boýunça 125 adam Mejlisiň deputatlygyna, 240 adam welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 960 adam etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 5897 adam Geňeşleriň agzalygyna saýlandy. Bellenilişi ýaly, Mejlisiň saýlanan deputatlarynyň 26 göterime golaýy (25,60 göterim) zenanlar bolup durýar. Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 29 göterime golaýynyň (28,75 göterim), etrap halk maslahatlarynyň agzalarynyň 30 göterime golaýynyň (29,58 göterim), Geňeş agzalarynyň 28 göteriminiň zenanlar bolmagy ýurdumyzda zenanlaryň uly hormat-sarpa eýedigini görkezýär.

Nygtalyşy ýaly, şu ýylyň 29-njy martynda merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi we 7222 okrugyň ählisinde saýlawlar Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirildi diýlip ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurdumyzda saýlawlaryň ýokary derejede geçirilendigini kanagatlanma bilen belledi we bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saýlawlar bilen bagly geçirilen işleri düýpli seljerip, has-da kämilleşdirmek üçin ýakyn wagtda teklipleri bermek barada görkezmeleri berdi. Şol teklipler öwreniler, kanunçylyga degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky meselä serediler.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa 26-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlar ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk, ruhubelentlik we işjeňlik ýagdaýynda geçdi. Saýlaw uçastoklarynda adamlaryň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertler döredildi. Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçirilen saýlawlarda türkmenistanlylar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda we beýleki ulgamlarynda zähmet çekýän iň mynasyp wekillere özleriniň seslerini berdiler.

Bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçen saýlawlar ýurdumyzyň syýasy ulgamynyň kämilligini, adamlaryň özleriniň raýatlyk borjuna wepalydyklaryny, hukuk medeniýetiniň ýokarydygyny, hormatly Prezidentimiziň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen şygarynyň raýatlarymyzy jebisleşdirýän, olary täze maksatlara ruhlandyrýan güýçdügini ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde degişli işler amala aşyrylýar. Soňky döwürde “Arkadag şäheri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem “Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda” we “Arkadag şäherinde täze etraplary döretmek hakynda” Mejlisiň kararlary kabul edilip, olar metbugatda çap edildi we ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň 6-njy çagyrylyşynyň deputatlarynyň kanun çykaryjylyk işine ýokary baha berip, olara minnetdarlyk sözlerini beýan etdi hem-de milli parlamentiň ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirjekdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ses bermäge gatnaşan ähli raýatlarymyza minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň uly ähmiýetini belläp, raýat jemgyýetiniň kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň saýlawlary giň bäsdeşlik esasynda geçirmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň täze saýlanan deputatlarynyň tizden öz wezipelerine girişmekleri üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynyň 6-njy aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçiriljekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, saýlaw kanunçylygyna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy çärä ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň edaralaryndan hem dalaşgärler gatnaşdylar. Toplumyň Aşgabat şäherindäki we welaýatlardaky düzüm birliklerinde saýlaw uçastoklary döredildi hem-de olaryň işi berk gözegçilikde saklandy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Begliýew ýurdumyzda geçirilen möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlary açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli çäreler geçirildi. Nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda döredilen saýlaw uçastoklary ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň bu möhüm çärä guramaçylykly we işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin zerur enjamlar bilen enjamlaşdyryldy.

Nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine gatnaşyp, mynasyp dalaşgärlere öz seslerini berdiler. Şeýle hem gatnaw usulynda zähmet çekýän işgärleriň ses bermekleri üçin ähli şertler döredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň esasyny düzýän demokratik özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen jemgyýetinde milli demokratik ýörelgeler has-da berkidilýär. Giň bäsdeşlik we milli kanunçylygyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda üstünlikli geçirilen saýlawlara oba hojalyk toplumynyň garamagyndaky pudaklarda zähmet çekýän raýatlarymyz hem işjeň gatnaşyp, özleriniň seslerini mynasyp dalaşgärlere berdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny guramak boýunça ýerine ýetiren işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, saýlawlara taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp baryldy. Olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Bu möhüm syýasy çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, saýlaw uçastoklary zerur bolan enjamlar we serişdeler, döwrebap aragatnaşyk ulgamy, usuly gollanmalar bilen doly üpjün edildi. Energetika ministrligi tarapyndan saýlawlaryň geçirilýän günlerinde çäreleriň geçjek ýerlerini ygtybarly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler durmuşa geçirildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzda Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan paýtagtymyzdaky hem-de welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda raýatlara söwda we beýleki hyzmatlary bermek boýunça göçme söwda nokatlary döredildi.

Şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň garamagyndaky edara-kärhanalarda döredilen saýlaw uçastoklarynda raýatlarymyzyň ses bermekleri üçin ähli zerur şertler döredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän düzümleriniň saýlawlara gatnaşygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi baradaky maglumatlar teleradioýaýlymlarda, metbugat neşirlerinde we internet saýtlarynda yzygiderli berildi.

Taýýarlanylan gepleşikler we metbugatda çap edilen makalalardyr habarlar arkaly watandaşlarymyz bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle-de zerur bolan dürli neşir önümleri öz wagtynda çap edildi. Saýlaw uçastoklarynyň çäkleri, dalaşgärler baradaky maglumatlar bellenilen möhletinde merkezi, Aşgabat şäher we welaýat gazetlerinde çap edildi. Şeýle hem dalaşgärleriň teleradioýaýlymlarda maksatnamalaýyn çykyş etmekleri üçin mümkinçilikler döredildi.

Milli däplerimize laýyklykda, saýlaw uçastoklarynyň ählisinde döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Saýlawlaryň geçişi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 26-njy martda geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň çäklerinde bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegi hem-de olara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertler döredildi.

Möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresine ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar. Saýlawlar gününe çenli 18 ýaşyny dolduran, ilkinji gezek ses beren ýaş saýlawçylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlenen milli synçylar halkara synçylar bilen bilelikde saýlawlaryň hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara kadalara laýyklykda, açyklyk, aýanlyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgeler we bäsdeşlik esasynda geçirilişine syn etdiler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda giň gerimli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň demokratik esaslary yzygiderli pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda agzalan möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, milli kanunçylyga we halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, aýanlyk, açyklyk we bäsdeşlik esasynda geçirilendigi bellenildi. Bu ugurda Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler amala aşyryldy.

Saýlawlara syn etmäge Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, şeýle hem goňşy döwletlerden halkara synçylaryň jemi 60-sy gatnaşdy. Mundan başga-da, bu saýlawlara Türkmenistanda işleýän daşary ýurtly diplomatlardan jemi 32 wekil synçy hökmünde gatnaşdy. Saýlawlary beýan etmek işine daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary hem gatnaşdylar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda jemi 42 saýlaw uçastogy döredildi. Olarda şu döwürde daşary ýurtlarda bolan ýurdumyzyň raýatlarynyň konstitusion hukuklaryny berjaý edip bilmekleri üçin ähli şertler döredildi. Saýlawlara raýatlarymyz işjeň gatnaşdylar. Jemleýji brifinglerde hem-de söhbetdeşliklerde halkara synçylar we daşary ýurtly žurnalistler saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini, olaryň açyklyk, demokratik, giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilendigini bellediler.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetiň demokratik esaslaryny pugtalandyrmak, şol sanda şu ýylyň 26-njy martyndaky möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, saýlawlar gününde ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýat merkezlerinde, şäherlerde we etraplarda jemgyýetçilik ulaglarynyň sazlaşykly işi ýola goýuldy.

Şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryna laýyklykda, merkezi saýlaw toparynyň web saýtynda saýlaw uçastoklaryndaky ses bermek çäresi sanly ulgam arkaly görkezildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda geçirildi. Welaýatda 365 saýlaw uçastogy döredildi. Saýlaw uçastoklarynda göçme söwda nokatlary guraldy we döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Halkara synçylara saýlawlaryň geçirilişi bilen içgin tanyşmaga, saýlaw toparlarynyň agzalary we dalaşgärler bilen duşuşmaga mümkinçilik döredildi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň geçirilişi, hususan-da, ony demokratik ýörelgeler, milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda guramak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, tutuş welaýat boýunça 652 saýlaw okrugy we degişli enjamlar bilen üpjün edilen saýlaw uçastoklarynyň 272-si döredildi. Saýlawlar milli demokratik ýörelgeler esasynda, dabaraly ýagdaýda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçirildi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Welaýat boýunça 536 saýlaw uçastogy döredildi. Şeýle hem Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň bellenen meýilnama we saýlaw kanunçylygyna laýyklykda geçirilendigi bellenildi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre welaýatda dabaraly ýagdaýda, milli kanunçylyga laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçirildi. Welaýat boýunça saýlaw uçastoklarynyň 567-si döredildi. Şeýle hem möhletinden öň ses bermek üçin mümkinçilikler döredildi. Saýlawlara milli we halkara synçylar syn etdiler. Olar saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellediler.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew saýlawlaryň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Mary welaýatynda saýlawlar degişli kanunçylyga laýyklykda, uly ruhubelentlik we aýanlyk ýagdaýynda, demokratik esasda, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagynda geçirildi. Ses bermek çäresi welaýatda döredilen 550 saýlaw uçastogynda geçirildi. Saýlawlara milli we halkara synçylar syn etdiler. Olar şu gezekki saýlawlaryň geçirilişine ýokary baha berdiler. Daşary ýurtly myhmanlar üçin welaýatyň taryhy-medeni künjeklerine gezelençler guraldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow saýlawlaryň dabaraly ýagdaýda, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda geçendigi barada hasabat berdi. Aşgabat şäherinde 312 saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlar ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, uly ruhubelentlik ýagdaýynda, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Saýlaw uçastoklarynda sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan raýatlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça ýerine ýetirilen toplumlaýyn işlere kanagatlanma bildirip, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, demokratik ýörelgeler esasynda geçen saýlawlaryň degişli derejede guralandygy üçin mejlise gatnaşyjylara minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.