Ï Pudagara topar Aşgabatdaky zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljerer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudagara topar Aşgabatdaky zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljerer

view-icon 6167

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy dekabrynda çykaran 1152-nji Buýrugyna laýyklykda, Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezini gurmak üçin Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda bölünip berlen ýer böleginiň çäginden geçýän zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu zeýkeş aragatnaşyk ötüginiň tehniki ýagdaýyny seljermek boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.