Her ýylyň 1-nji aprelinde Halkara guşlar güni bellenilýär. Bu ekologik baýram ýer ýüzünden guş tohumynyň köp görnüşiniň ýitip gitmegini togtadyjy amal hökmünde ýüze çykdy. Guş baýramy 1894-nji ýylda ABŞ-da girizildi, soňra ol dünýäniň köp ýurtlaryna giňden ýaýrady.

Guşlara ýardam Türkmenistanda-da amala aşyrylýar. 1968-nji ýylda Halkara Tebigaty goramak bileleşiginiň komissiýasynyň agzasy bolan türkmen ornitology akademik Anwer Rustamowyň ýolbaşçylygynda Tebigaty goramak jemgyýeti döredildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara guşlar gününde ganat-perli dostlarymyza bagyşlanan bäsleşikler we sergiler geçirmek däbe öwrüldi. Şu ýylyň fewral-mart aýlarynda tebigaty we ülkäni öwreniş bölümi Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guş durmuşy baradaky bilimlere bagyşlanan bäsleşik geçirdi. Synagyň netijesinde bäsdeşleriň arasynda 2 tapgyryň ýeňijileri kesgitlenip, olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

2023-nji ýylyň 31-nji martynda Döwlet muzeýinde “Guş dünýäsi” atly serginiň açylyşy boldy, oňa ýurdumyzyň tanymal alymlary, ýokary mekdepleriň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.
S. A. Nýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň maldarçylyk bölüminiň müdiri Saparmyrat Annamuhammedow, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Sapargeldi Durdyýew we beýleki görnükli alymlar Türkmenistanda Halkara guşlar gününi bellemegiň taryhy, biziň ýurdumyzda duş gelýän guşlar, janly tebigaty goramak boýunça işler we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasaty barada gürrüň berdiler.
Aşgabat şäherindäki 143-nji orta mekdebiň okuwçylary guşlara bagyşlanan çeper kompozisiýa bilen çykyş etdiler.
Dabaraly bölümden soň hormatly myhmanlary guşlaryň köpdürlüligini we gözelligini açyp görkezýän sergi bilen tanyşdyrdylar. Sergide tebigatda duş gelýän dürli görnüşli guşlaryň gäpleri, höwürtgeleri, ýumurtgalary, zergär önümlerinde, ownuk heýkellerde, suratkeşleriň işlerinde we halylarda, şeýle hem fotosuratlarda şekillendirilen guşlar görkezildi.
Sergide ylmy we çeper edebiýata, guşlar hakda suratly žurnallara aýratyn ýer berildi. 20-nji asyryň başlaryna degişli köne kitaplar bu ýerde ilkinji gezek goýlupdyr. Sergide Türkmenistanyň tanymal guşşynas alymlarynyň portretleri bilen-de tanyşmak bolýar.
Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistanda işlän meşhur ornitolog, Moskwa döwlet uniwersitetiniň professory G. P. Dementýewiň şu ýyl muzeýe gowşuran gündelikleri biziň üçin gymmatbahaly sowgat boldy. Ornitolog Dementýewiň gündelikleri Halkara guşlar gününe bagyşlanan sergide görnükli orny eýeledi.