Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda 1-nji aprelde görnükli rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy. «Rahmaninowyň bahary» atly konsert diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynynda hem boljak konsertler tapgyrynyň başyny başlady.

Kompozitor, ussat pianinoçy, dirižýor Rahmaninow durmuşynda nusgawylyk derejesine ýetipdi. Sergeý Wasilýewiç ömrüniň aglaba bölegini Watandan alysda geçirdi, elbetde,bu ýagdaý kompozitoryň döredijiligine özboluşly täsir etdi. Onuň eserlerinde dogduk Diýaryň küýsegi, aýratyn hem rus tebigatyna güýçli duýulýar.

Konsert Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowanyň we halkara bäsleşikleriniň laureaty Aşyr Aşyrowyň ýerine ýetirmeginde kompozitoryň meşhur eseri – Fortepiano we orkestr üçin ikinji konserti bilen açyldy.

Konsertde halypa artistler bilen birlikde TMK-niň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Otuzowa hem ussatlarça saz çaldy. Ol öz mugallymy Jeýhun Babaýew bilen bilelikde Rahmaninowyň Birinji konsertini ýerine ýetirdi.

Ýeri gelende aýtsak, Aýnur Otuzowa ýaşlygyna garamazdan, halkara bäsleşiklerinde eýýäm bäş gezek ýeňiş gazandy. Ýene bir bellenmeli ýagdaý: Sergeý Rahmaninow Birinji konsertini 18 ýaşynda ýazypdy. Bu eseri ýerine ýetiren Aýnur Otuzowa 16 ýaşynda. Zaldaky tomaşaçylaryň baha bermegine görä, çyn zehin üçin ýaş ähmiýeti ýok ekeni.

«Wokaliz» eseriniň ýerine ýetirilişi diňleýjilere güýçli täsir etdi. Sözsüz ses üçin ýazylan bu eser skripka uýgunlaşdyrylypdyr, ony Jemal Agajanowanyň ýerine ýetirişine tomaşaçylar ýokary baha berdiler.
Konsertiň guramaçylary – kamera ansambly kafedrasy – Sergeý Rahmaninowyň döredijilik çägini doly açmak üçin tagalla edipdir. Tomaşaçylar Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewanyň we «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi Amangeldi Amanowyň «Aleko» operasyndan Zemfira bilen Alekonyň bilelikdäki aýdymyny yhlasly ýerine ýetirendigi üçin olary uzaga çeken el çarpmalar bilen garşyladylar.
Konserte halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow sazandarlyk etdiler.