Ï Çagalar gözellik gözleginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar gözellik gözleginde

view-icon 6559
Çagalar gözellik gözleginde
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

“Çagalar gözellik gözleginde” ady bilen Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiň surat bölüminiň 3-nji synp okuwçylary tarapyndan çekilen 30 sany portretiň sergisi açyldy. 

Portretleriň ählisi-de ýumşak galam bilen durmuşdan ýa-da fotosuratlardan nusga alnyp çekilipdir. Sergä gatnaşýanlaryň öňünde goýan esasy maksady portrete meňzeşlik, onuň ýaşynyň, häsiýetiniň, ruhy ýagdaýynyň açylyp görkezilmegidir. Portrete seredeniňde ondaky adamyň hünäri we ömrüniň haýsy sepgidindedigi barada çaklamak bolar.

Sergide eserleriň iň gowulary goýlupdyr. Sergä gatnaşýanlaryň üçüsi: Şirin Suhanowa, Maral Kakajanowa we Soltangül Amanowa dagy aýratyn tapawutlandylar. Gyzlar indi portretlere bolan höweslerinden adam şekiline geçipdirler.

Portret sergisi bilen bilelikde halk-amaly sungat bölüminiň okuwçylarynyň çeken gobelenleriniň sergisi-de görkezildi. Olar “Çagalar – gözellik gözleginde” ady bilen gurnalan sergide biziň ýurdumyz, şäherimiz we halkymyzyň däp-dessurlary barada gürrüň berýän özboluşly gobelenler taýýarlapdyrlar. Parlak dok reňkler, ussatlyk bilen saýlanan reňk utgaşmasy ýaş suratkeşlere şadyýan gobelenleri döretmäge kömek edipdir, şonuň üçin-de tomaşaçynyň olara sereden wagtynda şähdi açylýar.

Çeperçilik mekdebinde iň oňat eserleriň sergilenmegi çagalaryň döredijiligini has-da höweslendirýär. Indiki sergi Bütindünýä saglyk gününe meýilleşdirilipdir, oňa şekillendiriş we heýkeltaraşlyk bölümleriniň çagalary gatnaşarlar.