2023-nji ýylyň 1 – 8-nji apreline Mary welaýatynda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we zerur bolan dikeldiş işlerini geçirmek üçin, San Antonio uniwersitetiniň (Tehas, ABŞ) taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri, şeýle hem Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri sapar bilen ýurdumyza geldiler.
Saparyň çäklerinde Metropoliten sungat muzeýi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň arasynda ozal gol çekilen hyzmatdaşlyk boýunça resminama esasynda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Dandanakan we Kuşmeýhan ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş işlerini dowam etdirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin, tegelek stol geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistan tarapyndan Döwlet muzeýiniň müdiri M.Çaryýew, Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek boýunça milli müdirliginiň başlygy M.Mämmedow, Türkmenistanyň taryhy we medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary we muzeý hünärmenleri gatnaşdy. Daşary ýurtly alymlar tarapyndan – San Antonio uniwersitetinden taryhy binalary dikeltmek boýunça uniwersitetiň binagärlik we meýilleşdiriş mekdebiniň hünärmenleri: maksatnamanyň utgaşdyryjysy Anžela Lombardi, Medeni durnuklylyk merkeziniň başlygy professor Wilýam Dýupon, Medeni durnuklylyk merkeziniň taryhy binalary goramak boýunça inženeriniň kömekçisi Sara Rodriges-Himeno, Metropoliten sungat muzeýiniň dolandyryjysy, Linden muzeýiniň (Ştutgart şäheri, Germaniýa) ylmy-barlag işleri boýunça geňeşçisi Martina Rugiadi, London şäher (Angliýa) kollejiniň Yslam arheologiýasy boýunça professory Pol Worswort we ABŞ-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Tegelek stolyň dowamynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar aramgähinde, şeýle hem Dandanakan bilen Kuşmeýhan ýaly arheologik ýadygärliklerde amala aşyrylmaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Alymlaryň işewür söhbetdeşliginde bu ýadygärlikleri öwrenmek, dikeltmek, goramak, arheologik tapyndylary wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykdan soň muzeý hünärmenleri myhmanlary muzeý ekspozisiýalary bilen tanyşdyrdylar.