Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bir müň on tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän piläniň 50 göterimine golaýydyr.
Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 6 müň 526 gap gurçuk tohumyndan 261 tonna, Saýat etrabynyň oba hojalykçylarynyň 4 müň 644 gap gurçuk tohumyndan 185,5 tonna, Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň hem 3 müň 499 gap gurçuk tohumyndan 140 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanamalary aýratyn bellärliklidir. Şonuň bilen birlikde welaýatyň beýleki etraplarynyň ýüpekçileriniň hem her gap gurçuk tohumyndan alýan pileleriniň ortaça mukdarynyň ýokarydygy, bu ugurda sebit boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygyny subut edýär.
Şu möwsümde welaýatda öz işine ussat, tejribeli ýüpekçileriň 21 müňden gowragy bilen şertnama baglanyşylyp, 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy pileçi-kärendeçilere paýlanyp berildi. Häzirki wagtda ýüpekçilik hojalyklarynda gurçuklary idetmeklik işleri gyzgalaňly dowam edtirilýär. Welaýatyň gündogar etraplarynyň hojalyklarynda ýüpek gurçuklarynyň 4-5 ýaşynda bolmaklygy, ýakyn wagtlarda pile ýygymyna köpçülikleýin girişiljekdigine şaýatlyk edýär. Kerki etrabynyň «Hatap» daýhan birleşiginiň ýüpekçi-kärendeçisi Gözel Nazargylyjowanyň eýýäm 44 kilogram pile hasylyny sebitde ilkinji bolup Watan harmanyna tabşyrandygyny aýtmak bolsa buýsandyryjy buşlukdyr. Ýeri gelende sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş bölümleriniň pile kabul etmeklige doly taýýar edilendigini belläp geçmeli.
Welaýatyň ähli etraplarynda her ýyl tut nahallarynyň täze düýpleriniň oturdylmagy, öňden bar bolan tut agaçlaryna ýylboýyn ideg etmek işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy, möwsümde ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolan tut ýapraklarynyň ýeterlik mukdarda bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem hojalyklarda ýüpek gurçuklarynyň idediljek ýerleriniň öňünden doly taýýar edilmegi, möwsümde «Lebapwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň ýüpekçileriň arasynda yzygiderli bolup, gymmatly maslahatlary berip durmaklary, möhüm we jogapkärli möwsümiň bütin dowamynda gurçuklara agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg edilmegi özüniň oňyn netijelerini berýär.