Aşgabadyň «ArtIst» höwesjeň ýaşlar teatrynyň «Düşewüntli ýer» spektaklynyň Sankt-Peterburgd sahnasynda görkezilişi üstünlige eýe boldy.
Türkmenistandan döredijilik topary rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» XXV Halkara festiwalynyň çäklerinde Aleksandr Ostrowskiniň sahna eseriniň döwrebaplaşdyrylan görnüşi bilen çykyş etdi.
Festiwala gatnaşyjylary türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeni mirasy bilen tanyşdyrmak üçin Aşgabatly artistler milli lybaslarda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawyna girizilen ýörite çykyş taýýarlap, gadymy «Küştdepdi» tansyny ýerine ýetirdiler.
Medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we daşary ýurt teatrlarynyň gatnaşyklarynyň çuňlaşmagyna uly ähmiýet eýe bolan teatr festiwalyny gurnaýjylar şeýle hem Halkara maslahat geçirdiler, onda Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusiýa Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň teatr ýolbaşçylary, çeper ýolbaşçylary we baş režissýorlary çykyş etdiler.
Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowa maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň we GDA-nyň Ynsanperwer hyzmatdaşlygy döwletara gaznasynyň adyndan forumyň myhmanlaryny Russiýanyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý gutlady.
Umumy mejlisleriň çäklerinde Aşgabadyň «ArtIst» teatrynyň işi barada onuň çeper ýolbaşçysy Igor Annagylyjow gürrüň berdi. Ol döredijilik saparynda galan täsirler barada:
– Halkara sahnalara çykmak aktýorlara hünär babatda ösmäge mümkinçilik berýär – diýdi.
Rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» Halkara festiwalynda sahna eserlerini görkezen döredijilik toparlarynyň ählisine oňa gatnaşandygy üçin ýadygärlik diplomlary gowşuryldy.