Ï Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň binýadynda akkordeonçylar üçin okuw gollanmasy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň binýadynda akkordeonçylar üçin okuw gollanmasy neşir edildi

view-icon 8516
Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň binýadynda akkordeonçylar üçin okuw gollanmasy neşir edildi

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde estrada bölümi açyldy.

Ýaş sazandalary hünär derejesinde taýýarlamak täze bölümiň wezipesine girýär. Okuw-usulyýet gollanmalary sazlary ýerine ýetirmegiň tilsimlerini ösdürmek üçin ajaýyp şert bolup hyzmat edýär.

Ine, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Halk saz gurallary” bölüminiň mugallymy Irina Şelehowa akkordeonçylara niýetlenilen “Estrada bölümi üçin akkordeon dersi boýunça okuw maksatnamasyny” hem-de “Saz pýesalarynyň ýygyndysyny” çap etdi.

– Biziň okuwymyzda estrada bölüminiň açylmagy uly waka boldy. Şoňa göra-de, täze okuw maksatnamasy düzüldi. Çünki okuw maksatnamasyny peýdalanýan mugallymyň esasy wezipesi okuwça saz guralyna erk etmegi öwretmekden, ýagny, ony dürli mukamlaryň we ýerine ýetirilişiň usullarynyň toplumy bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr – diýip, Irina Wladimirowna aýdýar.

Akkordeonda saz çalmagyň ýöriteleşdirilen usullary dürli aýratynlyklara eýedir, şoňa görä-de, täze okuw-usulyýet gollanmalary ýaş sazandalary taýýarlamakda möhüm pursatlary düşündirmek hem-de iş ýüzünde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek maksady bilen düzüldi.

Okuw gollanmasy ýörite sazçylyk mekdeplerinde işleýän mugallymlara niýetlenendir. Okuw maksatnamasyna halk aýdym-sazlarynyň, jaz kompozisiýalarynyň, akkordeon üçin rus we daşary ýurt nusgawy saz eserleriniň iň oňat nusgalary girizildi.