17-nji aprelde Maýa Kulyýewa adyndaky Turkmen milli konserwatoriýasynda kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeligi dabaraly açyldy.
Konserwatoriýanyň eýwanynda Türkmenistanyň meşhur döredijilik adamlarynyň portretlerinden düzülen sergi ýaýbaňlandyryldy we kiçi zalda ýurdumyzyň sungat we medeniýet işgärleri, TMK-niň talyplary, TMK-niň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary, Aşgabadyň çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuwçylary hem-de aýdym-saz söýüjiler ýygnandylar.
Dabaranyň aýdym-saz bölegini M.Kulyýewa adyndaky TMK-niň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşy açdy. Horuň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň goşgusyna Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen «Baglar heý» eseri ýaňlandy. Soňra N.Bagtyýarowyň sazyna A.Gulmyradowanyň sazandarlyk etmeginde A.Çüriýewanyň sözlerine döredilen «Bagtyýarlyk aýdymy» aýdymy ýerine ýetirildi.

Guramaçylar myhmanlar üçin köp sowgatlary taýýarladylar. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty – Moskwadan, şeýle hem Sankt-Peterburgdan, Iwanowodan, Parižden (Fransiýa) we Dubaýdan (BAE) ýaňlanan wideogutlaglar şol sowgatlaryň biri boldy.
Ýerine ýetirilen türkmen awtorlarynyň eserleri myhmanlar üçin ýene-de bir sowgat boldy. 1-nji çagalar sazçylyk mekdebinde bilim alýan T.Şirowa iň ýaş gatnaşyjy boldy. Ol fortepianoda iki eseri – N.Halmämmedowyň «Tokaý ertekisi» we A.Şirowanyň «Çybynjyk» atly eserlerini ýerine ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Turkmen milli konserwatoryýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy A.Abaýew bolsa saksofonda kompozitor W.Abaýewanyň «Ýomak» eserini ýerine ýetirdi.
TMK-niň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň çeper ýolbaşçysy G.Neýmarkyň skripkaçylar toparynyň çykyşy sazlaşykly ýaňlandy.

TMK-niň talyplary M.Amanowanyň (fortepiano), A.Annamyradowanyň (wiolonçel), J.Agajanowanyň (skripka) hem-de M.Gulmuhammedowanyň (fleýta) dört bolup ýerine ýetirmegindäki jemleýji çykyş örän täsirli boldy. Olaryň ýerine ýetirmeginde kompozitor K.Bataşowyň «Türkmen sýuitasy» eseri ýaňlandy.
Kompozisiýa we saz gurallary öwreniş kafedrasynyň hepdeligi 22-nji aprele çenli dowam eder. Myhmanlara guramaçylardan köp sanly ýakymly sowgatlar garaşýar. Şol sanda sergiler hem-de gurjak teatrynyň artistleriniň çykyşlary meýilleşdirildi.