Ï Türkmen kompozitorlary sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça ussatlar sapagyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kompozitorlary sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça ussatlar sapagyna gatnaşdylar

view-icon 7784
Türkmen kompozitorlary sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça ussatlar sapagyna gatnaşdylar
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda başlanan kompozisiýa kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde sazçylyk babatda döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ulanmak boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

N.G.Žiganow adyndaky Kazan döwlet konserwatoriýasynyň mugallymy, türkmen kompozitory Merdan Bäşimow bu ugurdan toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Onlaýn duşuşykda talyp-kompozitorlar sazyň inçe usullary, şeýle hem kompýuterde kompozisiýa döretmekde ulanylýan dürli programmalar bilen tanyşdylar.

Dürli döwürde TMK-da Weli Muhadow, Nury Halmämmedow, Çary Nurymow we beýleki köp sanly meşhur kompozitorlary sapak berdiler.

Häzirki wagtda kafedra kompozitor Kerimguly Garowow ýolbaşçylyk edýär. Ýurdumyzyň halk we at gazanan artistleri talyplara kompozisiýa sungatynyň inçe tilsimlerini öwredýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor, dosent Baýramdurdy Hudaýnazarow, halk artisti, konserwatoriýanyň uly mugallymy, kompozitor Daňatar Hydyrow, at gazanan medeniýet işgäri, ilkinji zenan-kompozitor, dosent Jeren Gurbangylyjowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew dagy bar.

Mugallymlar talyplara kompozitor bolmak – diňe bir nota ýazmak däl-de, eýsem täze ýörelgeleri we strategiýalary döretmekdigini düşündirýärler. Erkin döretmek üçin ýaş kompozitorlar: kompozisiýa, orkestr, garmoniýa, polifoniýa we ş.m. ençeme saz ugurlaryny özleşdirýärler.

Spektakly, kinofilmi, tans sungatyny, asla durmuşyň özüni sazsyz göz öňüne getirmegem kyn. Ýöne käwagt her sazlaşykly sazyň aňyrsynda kompozitoryň agyr zähmetiniň ýatandygyny ýatdan çykarylýar.

Suratkeşler hem kompozitoryň işini şekillendiriş sungaty nukdaýnazaryndan görkezmäge synanyşýarlar. Şol sebäpli, Kompozisiýa hepdeliginiň çäklerinde guralan çäreleriň biri-de, ýurdumyzyň suratkeşleriniň iň gowy eserlerini jemleýän surat, žiwopis we grafika eserleriniň sergisi boldy.