tahyt Ataýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki kirişli saz gurallar orkestri “Dumanly Albion” atly täze aýdym-sazly çykyşyny görkezer. Konsertde iňlis kompozitorlarynyň mukamlary we daşary ýurt estradasynyň meşhur eserleri ýaňlanar.
22-nji aprelde sagat 17:00-da we 19:00-da “Watan” kinokonsert merkezinde “Gündogaryň jadysy” atly konsert geçiriler. Aýdym-sazly maksatnama M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.
Şeýle hem paýtagtyň teatrlary dynç günlerini medeniýetli geçirmäge çagyrýarlar.
Beýik S. Türkmenbaşy adyndaky Baş Akademiki drama teatrynda:
21.04.2023: «Gülki agşamy» 19:00;
22.04.2023: «Syrly sandyk» 19:00;
23.04.2023: «Gelinleriň gozgalaňy» 19:00.

Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda:
22.04.2023: «Super gaýynene» 19:00;
23.04.2023: «Aýdym-sazly gülki agşamy» 19:00.
Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda:
21.04.2023: «Bahar şadyýanlygy» atly konsert 19:00;
22.04.2023: «Prostokwaşinaly üçler» 12:00;
22.04.2023: «Topraksyz bagçylyk» 19:00;
23.04.2023: «Bremenli sazandalar» 11:00.

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda:
21.04.2023: «Gülki agşamy» 19:00;
22.04.2023: «Söýgi bar ýerinde»19:00;
23.04.2023: «Arşyn mal alan»19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatrynda:
22.04.2023: «Çagalyk älemgoşary» 17:00;
22.04.2023: «Jüýteniň toýy» 19:00;
23.04.2023: «Janly gurjaklar» 12:00; 17:00;
23.04.2023: «Japbaklar» 19:00 sahna oýunlary görkeziler.