Ï Arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar

view-icon 7695
Arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar

Daşoguz welaýatyndaky «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý portaly» ýadygärliginiň golaýynda ýazky arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.

Bu işler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda goraghananyň hünärmenleri tarapyndan “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäginde amala aşyrylýar.

«Kerwensaraý portaly» ýadygärligi ençeme ýyl bäri köp döwletleriň we daşary ýurt taryhçylarynyň hem-de arheologlarynyň ünsüni özüne çekýär.

Ýadygärligiň adyna garamazdan, daşky görnüşi we ajaýyp binagärlik hem-de çeperçilik aýratynlyklary onuň kerwensaraýa däl-de, eýsem köşk binasyna has meňzeýändigi baradaky pikirleri oýarýar.

Käbir hünärmenler gurluşy boýunça bu ýadygärligi diňe Horezmiň däl-de, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň arhitekturasynyň iň gowy ýadygärliklerine degişli diýip hasaplaýarlar.

2020-nji ýylda türkmen alymlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde bu ýerde XIV asyryň ahyrynda ýykylan diwar bölekleri tapyldy. Olar owadan oýulan nagyşlar bilen bezelen terrakota elemenleridi. Palçykdan ýasalan küýzelerden we humlardan başga-da, geçen ýyl «Kerwensaraý portalynyň» golaýynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde palçyk turbalarynyň galyndylary, binagärlik bezeginiň terrakota bölekleri, geometrik we gül bezegleri hem-de firuz örtügi bilen örtülen elementler tapyldy. Olar «Daşmetjit» halk hünärleri muzeýiniň gaznasynyň üstüni doldurdylar.

Täze gazuw-agtaryş möwsümi ýerli hünärmenlere medeni mirasy goramak üçin goşmaça çäreleri has içgin öwrenmäge, gorap saklamaga we ösdürmäge mümkinçilik berer.