Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda meşhur rus kompozitorynyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Rahmaninowyň bahary» aýdym-sazlar tapgyryny jemleýän romanslar konserti boldy. Romanslarda Sergeý Rahmaninowyň inçe duýgurlygy we dünýä gözelligine aşyk çäksiz rus ruhy aýratyn joşgun bilen beýan edilýär.

Konsertiň guramaçylary – kamera ansambly kafedrasynyň hünärmenleri Rahmaninowyň wokal eserlerini iki topara böldiler. Rahmaninow rus Altyn asyry şahyrlarynyň goşgularyna tebigat we Watany hakynda şahyrana romanslar ýazypdyr. Ajaýyp goşgulara ajap sazlar netijesinde naýbaşy eserler döräpdir. Şeýle romanslardan «Düýş», Ajap mekan», «Penjirämiň öňünde», «Siren», «Olaryň jogaby» ýaly has naýbaşylaryny agzasa bolar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowanyň koloratura soprano owazy Rahmaninowyň şahyrana romanslaryny ýerine ýetirende jüpüne düşdi. Diňleýjiler ýaş aýdymçynyň çykyşyna gowy baha berdiler.

Ýörite fortepiano bölüminiň üçünji ýyl talyby Perman Ýagdyýew Rahmaninowyň 5-nji prelýudiýasyny çalanda zal durşuna joşgunly, bu kompozitora mahsus okgunly ses derýasynyň girdabyna düşen ýaly boldy.

Konsertiň ikinji bölüminde dramatik häsiýetli «Men seniň zaryňda», «Jebir», «Men diýip zarynlama» ýaly romanslary Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa ýerine ýetirip, çykyşyny «Bahar bulaklary» romansy bilenem jemledi.

Leýli Ökdirowa bilen Gülnar Nuryýewanyň bilelikde ýerine ýetiren «Tolkunlar uka gidende» romansy diňleýjileri özüne bendi etdi. Ussat aýdymçylaryň owazy kä sepleşip-utgaşsa, käte biri beýlekisiniň owazyny apalaýardy.

Konserte halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa sazandarlyk etdi.
Rahmaninowyň 10 romansy hem paýtagtymyzyň konsert meýdançalarynda mähir-muhabbet bilen giňişleýin bellenilen «Rahmaninowyň bahary» aýdym-sazlar tapgyryny jemledi.