Golaýda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde «Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary» temasynda garyşyk görnüşinde maslahat geçirildi. Forumy geçirmek başlangyjy bilen Beýik Britaniýanyň Strategiki barlaglar instituty (RUSI) we ÝHGG-nyň Bişkekdäki akademiýasynyň wekilleri çykyş etdiler.
Merkezi Aziýa döwletleriniň bilermenler jemgyýetiniň wekilleri derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmak üçin Bişkege ýygnandylar. Hünärmenler onlaýn görnüşde sebitiň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Forumda bilermenler we analitikler – Gyrgyzystandan A.Kanatbekowa, Gazagystandan A.Mussabekowa, Täjigistandan P.Mullojanow, Özbegistandan T.Umarow we başgalar sebit döwletleriniň Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada öz pikirini beýan etdiler. Şeýle hem maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar ylmy merkeziniň işgäri D.Mämmedow onlaýn görnüşinde gatnaşdy.
D.Mämmedow öz çykyşynda Merkezi Aziýa sebitiniň we Hytaýyň halklarynyň gatnaşyklaryny taryhy jähtden beýan edip , ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky uzak döwürlerdäki gatnaşyklary netijesinde adamzat durmuşynyň ähli ugurlarynda, bilim hem-de üstünlikleri alyşmakda ummasyz hem-de özboluşly tejribe toplanandygyny belledi. Iň esasy-da, ýurtlaryň arasynda dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Şeýle hem, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylykly daşary syýasatynyň, şol sanda türkmen-hytaý gatnaşyklaryndaky anyk ykdysady taslamalarda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi.
Bilermenler forumda energetikanyň «Hytaý + Merkezi Aziýa» hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmagynyň tötänden däldigini bellediler. HHR-yň ösýän ykdysadyýetiniň energiýa serişdeleriniň importyny talap edýändigi hemmelere mälim ýagdaýdyr. Bu nukdaýnazardan «Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi türkmen we hytaý diplomatiýasynyň uly üstünligi bolup, Türkmenistanyň energiýa çeşmelerini ähli adamzadyň peýdasyna ulanmak ýörelgesine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýakynda sebitiň döwletleri Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny bellediler. 30 ýyl bäri dowam edýän özara ynamly, dostlukly we ýakyn hyzmatdaşlyk birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, halklaryň dostlugy, özara kömek we bähbitler ýaly esasy ýörelgelere eýerilip, Hytaýyň we Merkezi Aziýa döwletleriň täze görnüşde hoşniýetli hem-de netijeli döwletara gatnaşyklary ýola goýulandygyny görkezdi.