2023-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň, şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň giň toplumy bilen bagly taraplaryň özara hereketleri boýunça netijeli pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistanyň durnukly we howpsuz ulag meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, durnukly we ynamly halkara ulag daşamalaryny üpjün etmek meselelerine köptaraplaýyn seretmek başlangyjy bilen çykyş edýär, şeýle hem halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde wajyp resminamalary kabul etmek proseslerine işjeň gatnaşýandygyny beýan etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Ulag diplomatiýasyň halkara merkeziniň goldaw bermeginde 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň hem-de 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ugrunda BMG-niň Gün tertibi bilen baglylykda Halkara merkeziň ulag syýasatynyň we ulag diplomatiýasynyň öňe gitmegine aýratyn üns berýändigini belledi. 2021-nji ýylda Türkmenistan we Ulag diplomatiýasyň halkara merkezi pandemiýa soňky döwürde durnukly ulag meseleleri boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň taslamasynyň işlenip düzülmegine we tanyşdyrylmagyna işjeň gatnaşdylar. 2022-nji ýylda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky merkezi edarasynyň ýanynda “Durnukly ulag boýunça dostlar topary” döredildi we bu merkez ol ýerde tehniki sekretariatyň wezipelerini ýerine ýetirýär.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda taraplar halkara we sebit ulag infrastrukturasynyň hukuk we logistiki binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini hem bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” möhüm ulag-logistiki ugurlaryň, hususan-da «Lapis-Lazuli», Gazagystan – Eýran – Türkmenistan”, Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Oman”, “Hazar deňzi – Gara deňiz” we beýleki sebitara ulag ýollarynyň ösdürilmegi boýunça işleri barada nygtaldy. Türkmenistanyň deňiz ulaglarynyň özüne çekijiligini we deňiz ýük daşama mümkinçiliklerini ýokarlandyran “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa” – TRASEKA halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ulag görnüşleriniň ählisiniň infrastrukturasynyň maddy-tehniki binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy boýunça strategiki ugurlaryň nazara alnandygy bellenildi.