Şu gün Türkmenistanyň paýtagtyndaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Beýik Britaniýanyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III hem-de onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady.
Duşuşyga Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt ilçihanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ekologiýany goramakda işjeňler, žurnalistler, Türkmenistanda işleýän Beýik Britaniýanyň raýatlary gatnaşdylar.
Kabul edişlikde Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň baştutanynyň orunbasary Jon Gamilton hem-de Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew çykyş etdiler.
Britan diplomaty öz çykyşynda häzirki Täç geýdirmek dabarasynyň 70 ýyl mundan ozal bolup geçen taryhy wakadygyny belledi. Jon Gamilton myhmanlara britan ilçihanasynyň çakylygyny kabul edendigi we kabul edişlige gatnaşyp, Beýik Britaniýanyň halkynyň şatlygyny paýlaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň wekili, öz gezeginde, türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliginiň uludygyny nygtap, geçen ýyl ýurtlaryň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi. Serdar Joraýew britaniýaly hyzmatdaşlary Karl III Täç geýdirmek ýaly şanly waka bilen gutlady.
Soňra kabul edişlige gatnaşyjylar britan Täç geýdirmek dabarasynyň aýratynlyklary, şa häkimiýetiniň nyşanlary we Londondan Karl III Täç geýdirmek dabarasynyň göni ýaýlymda wideogörkezilişine syn etdiler.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Täç geýdirmek dabaralaryna gatnaşmagy Aşgabat bilen Londonyň arasynda yzygiderli ösdirilýän dostlukly we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklarynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.