Ï Hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy

view-icon 6066

Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.