Ï 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi

view-icon 5612

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň rysgaly we azyk garaşsyzlygymyzyň kepili bolan bugdaýyň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak, ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnamak, ammarlara, elewatorlara bökdençsiz daşamak hem-de däne öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda, ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerlerde däne kombaýnlaryna tehniki hyzmat etmek işlerini talabalaýyk guramak arkaly orak möwsüminde olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen şertnama baglaşmak esasynda ýygnalan bugdaý hasylynyň meýdanlardan kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny, ulag serişdeleriniň bökdençsiz, ýokary netijeli işledilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Bugdaýy kabul ediş nokatlaryna hem-de ammarlara we elewatorlara daşamakda beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini şertnama esasynda peýdalanmaga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ygtyýar berildi.